Täjik žurnalisti hökümet basyşy astynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi
Duşenbe şäheriniň kazyýeti täjik žurnalisti Zawkibek Saidamini gadagan edilen oppozisiýa toparlarynyň ikisi bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplap, ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdi. Hukuk toparlary bu jenaýat işiniň metbugat wekilleriniň basylyp ýatyrylmagynyň çäginde ulanylan syýasy äheňli aýyplamalaryň ýene biri bolandygyny aýdýarlar.
Saidamininiň aklawçysy Zoirşo Dawlatýorow 4-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Ismoili Somoni etrap kazyýetiniň öz müşderisine bir gün ozal, agşamara höküm çykarandygyny aýtdy.
Ol kazyýetiň çykaran kararynyň üstünden şikaýat etmek mümkinçiliginiň bolup-bolmajagynyň entek belli däldigini aýtdy, başga goşmaça maglumat bermedi.