Sünni musulmanlarynyň ruhy lideri Eýranda referendum geçirilmegine çagyrýar
Eýrandaky sünni mezhebiniň ýokary derejeli ruhanysy, halkara synçylarynyň gatnaşmagynda, "halkyň isleglerine esaslanýan syýasat üýtgetmeleri" üçin derrew referendum geçirmäge çagyrdy.
Molawi Abdulhamid Ismailzah 4-nji noýabrda günorta-gündogardaky Zahedan şäherinde okalan anna namazynda Kum seminarynyň we ýurduň häkimiýetleriniň soňky 50 günüň dowamynda yzygiderli protest bildirýän adamlaryň aýdýan zatlaryny diňlemeklerini haýyş etdi.
Bu ruhany ozal hem ýurduň dolandyryjylaryny protestçileriň talaplaryna jogap bermäge çagyrypdy. Hökümet tarapy onuň referendum geçirmek baradaky çagyryşy boýunça hiç zat aýtmady.