Baýden Eýrany raýatlara garşy edilýän zorlugy bes etmäge çagyrýar, Eýran protestlerine 'haýran galandygyny' aýdýar
![Baýden Eýrany raýatlara garşy edilýän zorlugy bes etmäge çagyrýar, Eýran protestlerine 'haýran galandygyny' aýdýar](https://gdb.rferl.org/ef68970f-bb45-4070-9f9a-63cd2925ce86_w800_h450.jpg)
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden 14-nji oktýabrda Eýranyň ýolbaşçylaryny öz raýatlaryna garşy edýän zorlugyny bes etmäge çagyrdy.
Aýal-gyzlar "hudaýyň adyndan näme geýmek isleýän bolsalar şony geýip bilmelidirler" diýip, Baýden Kaliforniýadaky "Irvine Valley" jemgyýetçilik kollejinde eden çykyşynda aýtdy.
"Eýran esasy hukuklary durmuşa geçirmek arkaly öz raýatlaryna garşy edilýän zorlugy bes etmelidir" diýip, ol sözüne goşdy.
Baýden, geçen aý Tähranda ahlak polisiýasy tarapyndan hijabyny düzüw geýmezlikde aýyplanyp tussag edilen gyzyň ölmegi sebäpli başlan köpçülikleýin demonstrasiýalara "haýran galandygyny" hem aýtdy.
"Men biziň Eýranyň raýatlarynyň, batyr aýallarynyň ýanynda durýandygymyzy bilmegiňizi isleýärin" diýip, ol belledi.
Mundan öň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 14-nji oktýabrda Waşingtonda asly eýranly aktiwistler bilen duşuşyp, Eýranda hökümete garşy demonstrantlaryň edermenligine oňyn baha berdi.