Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Октябрь
2022

Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy

0
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy

Iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistan Türkiýe bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada Türkmenistanyň onlaýn neşirleri habar berdi. Türkmen raýatlary tarapyndan iň köp isleg bildirilýän uçar ugrunyň açylmagy iki ýurduň arasynda wizasyz gatnamak mümkinçiligiň ýatyrylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň ýarym resmi onlaýn neşirleriniň "Türkmenistan" awiakompaniýasyna salgylanyp, çap eden habaryna görä, Aşgabatdan Stambula göni yzygiderli uçar gatnawlary 5-nji oktýabrdan başlanar.

Habarda munuň adaty planlaşdyrylan uçuşlar boljakdygy görkezilýär. Uçuşlar hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

3-nji oktýabrda “Türkmenportal” neşiri uçar biletleriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi we biletleri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Stambulyň halkara howa menzilindäki kassasyndan satyn alyp boljakdygyny mälim etdi. Neşiriň habaryna görä, Türkiýe we Türkmenistan arasynda gatnajak uçarlarda ekonom toparyna degişli biletiň bahasy 3-nji oktýabrda bir tarapa 403 dollar; biznes toparynda biletiň bahasy bir tarapa 753 dollar bolupdyr. Türkmen awiakompaniýasynyň biletlerini onuň öz ýurdundaky edaralarynda satyn almak mümkinçiligi barada habar berilmeýär.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň fewral aýynda togtadyp başlapdy. Halkara ugurlara yzygiderli uçar gatnawlary şu ýylyň maý aýynyň ahyryndan bäri amala aşyrylýar. Şu günki gün "Türkmenistan" awiakompaniýasy Dubaý, Gazan, Moskwa, Frankfurt, Minsk şäherine yzygiderli uçar gatnawlary amala aşyrýar.

1-nji oktýabrda Minskden ýola goýlan adaty reýsleriň birinjisi Türkmenistana geldi. Azatlygyň çeşmesine görä, gelenler COVID-19 boýunça hökmany synagdan geçýär, onuň bahasy 120 manat. Ýolagçylarda manat bolmadyk ýagdaýda olar daşary ýurt pulunda, ýagny 10 amerikan dollary möçberinde töleg edýärler.

“Aeroportlarda pul çalyşyk nokady ýok, şonuň üçin ýurda gelýän ýolagçylar dollar töleýärler. Bu gara bazardaky kursa has ýakyn bolup çykýar” diýip, Türkmenistandaky çeşmämiz aýdýar.

Türkmenleriň iň köp ýaşaýan ýeri bolan Türkiýä yzygiderli howa gatnawy uzak wagtlap dikeldilmändi. Türkiýe gazanç maksaty daşary ýurtlara gidýän türkmen raýatlary üçin iň meşhur ugra öwrülipdi. Bu esasan, ýurtlaryň arasynda wizanyň talap edilmeýändigi bilen baglydy. 15 ýyllap saklanan wizasyz düzgün şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda, Türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkiýe tarapyndan ýatyryldy. Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.

Başga ýurtlar bilen ucar gatnawynyň ýatyrylmagyna sebäp bolan COVID-19 keseliniň öz territoriýasynda bardygyny şu çaka çenli boýun almadyk Türkmenistanyň häkimiýeteri Türkiýä adaty uçar gatnatmagyny 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadypdy. Şonda alty aýlap ýolagçy howa gatnawynyň doly togtamagy zerarly on müňlerçe adam öýlerine dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolupdy. Ýurduň häkimiýetleri diňe 2020-nji ýylyň awgust aýynda raýatlaryny daşardan getirmek üçin ýörite uçarlaryny guramalaşdyryp başlapdy. Emma şol seýrek uçarlar bar bolan talaby kanagatlandyryp bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом


Спорт в России и мире
Москва

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Уимблдон

Экс-теннисист Ольховский: россияне могут хорошо выступить на Уимблдоне


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Бизнес-омбудсмен Москвы оказывает поддержку НМСП





Путин в России и мире
Москва

ЯНДЕКС, АЛЕКСАНДР ПУШКИН, АНАТОЛИЙ ГОЛОД И "СВЯТОЙ ЛЕНИН" ВЕДУТ СЛЕДСТВИЕ ВЕКА! ВАЖНЫЕ СЕРЬЁЗНЫЕ ДАННЫЕ.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Вольфганг Амадей Моцарт

«12 Шедевров Моцарта» от Amadeus Concerts



Москва

Стонала от горя. Мать убитого байкера Ковалева еле пережила новый суд

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net