Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2022

Salgyt gullugy we PÝGG hususy minibuslara gözegçiligi güýçlendirýär

0
Salgyt gullugy we PÝGG hususy minibuslara gözegçiligi güýçlendirýär

Şu günler Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabatda Salgyt gullugy we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) hususy minibuslara gözegçiligi güýçlendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji sentýabrda sebitden habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň gündogar welaýatynda mikroawtobus eýeleriniň ygtyýarnamalarynyň salgyt gullugynyň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin barlanylýandygyny, şeýle-de, awtoulaglaryň guratlyk hatynyň PÝGG işgärleri tarapyndan barlanylýandygyny habar berýär. Häkimiýetleriň köpçülikleýin transport serişdeleri bilen bagly güýçlendiren gözegçiligi mikroawtobus eýeleriniň hem-de şäher ýaşaýjylarynyň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täjirçilik maksatly hususy awtoulaglar, şol sanda minibuslar döwletiň ilata hödürleýän köpçülikleýin transport serişdelerine iň amatly alternatiwa bolup durýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan mininbus sürüjileri özleriniň şäher ilatyna hödürleýän tölegli hyzmatlaryna garamazdan, döwlet tarapyndan çäklendirilýändiklerini, häkimiýetleriň dürli resminama talaplary bilen baglylykda özleriniň gysylýandygyny aýdýarlar.

“Soňky birnäçe gün bäri Türkmenabat şäheriniň 2 we 3 belgili gatnaw ugurlarynda hereket edýän mikroawtobuslar Salgyt gullugynyň hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin saklanylýar, sürüjilere uly mukdarda jerimeler töletdirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, salgyt resmileri hususy mikroawtobuslaryň esasan ygtyýarnamalaryny barlaýarlar.

Täjirçilik maksatly hususy mikroawtobus eýeleri “Salgyt gullugyndan ýörite ygtyýarnama almaly. Bu rugsatnamanyň möhleti bir ýyl bolup, ol ulag sürüjisiniň salgyt gullugyna degişli salgytlary töländigine kepil geçýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli sürüjilere salgylanýar.

Ýöne ulag eýeleriniň bu rugsatnamany almagy görnüşinden has kyn we çylşyrymly diýip, ýerli sürüjiler aýdýarlar.

“Meselem, möhleti bir ýyl bolan kepilnamany aljak bolsaň, birnäçe resminama toplap, olary ýerli salgyt edarasyna tabşyrmaly. Salgyt edarasy sürüjileriň resminamalaryny Salgyt gullugynyň Aşgabatdaky baş edarasyna iberýär. Zerur bolan resminama Aşgabatda 6 aýyň dowamynda taýýar bolýar. Şondan soňra, salgyt tölendi, ygtyýarnama açyldy diýip tassyklama gelýär” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu maglumatlardan çen tutulsa, Salgyt gullugy tarapyndan alty aýyň dowamynda berilýän ygtyýarnamalaryň möhleti ýüztutmalaryň iberilen gününden başlap hasaplanýar. Bu bolsa, möhleti bir ýyl bolmaly ygtyýarnamalaryň möhletini iş ýüzünde alty aýa düşürýär.

“Ygtyýarnama gelýänçä salgyt resmilerine 700-800 manat töwereginde jerime töläp gezmeli bolýar” diýip, bir minibus sürüjisi aýdýar.

Türkmenistanyň salgyt ulgamyny “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanuny düzgünleşdirýär. 2004-nji ýylda kabul edilen bitewi kanun geçen döwrüň dowamynda birnäçe gezek üýtgetmelere we goşmaçalara sezewar boldy. Türkmen kanun çykaryjylary soňky sapar üstümizdäki ýylyň aprel aýynda salgytlar kanunyna üýtgetme girizdi.

Galyberse-de, minibus eýeleri häkimiýetleriň yzy üzülmeýän resminama talaplaryndan, iriziji býurokratiýadan şikaýat edýän mahaly, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri salgytlar ulgamynyň sadalaşdyrylýandygyny hem-de salgyt resminamalarynyň sanly ulgamlar arkaly kabul edilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web sahypasyna görä, ýörite bir salgyt portaly raýatlara salgyt kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň, beýannamalaryň, arzalaryň we habarnamalaryň salgyt edarasyna barmazdan, onlaýn ýagdaýda iberilmegine mümkinçilik döredýär.

Ministrlik döwlet portalynyň beýleki amatlyklar bilen bir hatarda resminamalaryň tabşyrylmagynyň hem-de olara garalmagynyň möhletiniň gysgaldylmagyna gönükdirilendigini aýdýarlar.

Ýöne Türkmenabat şäherindäki hususy mikroawtobus eýeleri salgyt gullugynyň resminamalara garamagynyň alty aýa çenli çekip bilýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanda “Kärhanalar hakynda” kabul edilen kanuna 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda girizilen soňky üýtgetmeler ýurduň çäginde hereket edýän kärhanalardan goşmaça resminama talap edilmegini gadagan edýär.

“Türkmenabat şäherinde hereket edýän 150-den gowrak minibuslaryň eýeleri döwletden hiç hili kömek ýa-da goldaw görmeýärler. Tersine, häkimiýetler olara diňe azap berýärler” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda kärhanalar Maliýe we ykdysadyýeti ministrliginiň düzümindäki Salgyt müdiriýeti tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Bu aralykda, türkmenabatly minibus eýeleri bir tarapdan salgyt resmileriniň esasy nyşanasyna öwrülýän mahaly, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ulaglaryň guratlyk hatyny barlamak işlerini güýçlendirýärler. Şol bir wagtda, dürli ýyllarda öndürilen mikroawtobuslaryň hereketine çäklendirme girizilýär.

“1990-1995-nji ýyllar aralygynda öndürilen “RAF” kysymly mikroawtobuslaryň hereketine doly gadagançylyk girizildi. “RAF-lar” ýola çykyp, ýolagçy mündirmeli däl. Öndürilen ýyly 2000-nji ýyldan pes bolan “GAZel” kysymly minibuslar hökmany suratda her alty aýda bir gezek guratlyk barlagyndan geçirilmeli” diýip, türkmenabatly sürüjiler aýdýarlar.

Galyberse-de, “GAZel” kysymly minibus eýeleri ulaglaryny guratlyk barlagyndan geçirmek üçin 800-1000 manat aralygynda çykdajy etmäge sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu çykdajylar mikroawtobuslaryň ak reňke boýalmagyny hem öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetler dilden görkezme esasynda ýurtda hereket edýän awtoulaglaryň ak reňkde bolmagyny talap edýärler.

Häkimiýetleriň her alty aýda bir gezek guratlyk barlagy talabyna we her ýylda bir gezek ygtyýarnama talabyna sezewar bolýan köp sanly mikroawtobus sürüjileri iriziji gözegçilikden şikaýat edýärler. Şäher ýaşaýjylary bolsa bu minibuslary özleri üçin amatly hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.

“Entegem, şol ‘GAZel’ kysymly mikroawtobuslar bar. Olar Türkmenabadyň demirgazygyndan günortasyna çenli uzynlygy 27 kilometr bolan 2 belgili gatnaw ugruny alyp çykýarlar. Döwlet awtobuslary ýetmezçilik edýär. Mikroawtobus gatnawynyň tölegi 1 manat. Bu aralygy taksi bilen gitjek bolsaň, 20 manat çykdajy etmeli bolýar. 150-den gowrak mikroawtobus Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna ýeňillikli bahadan hyzmat hödürleýärler. Döwletimiz ol sürüjilere azar bermän, gaýtam, olary goldamaly. Tersine, olara diňe jerime töletdirýärler” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Şu günler Türkmenistanyň köçelerinde PÝGG we Salgyt gulluklarynyň hyzmatdaşlygynda güýçlendirilýän gözegçilik işleri ýurduň beýleki künjeklerinde hem dowam edýär.

Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary PÝGG we salgyt barlaglarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem güýçlendirilýändigini, häkimiýetleriň Türkmenbaşynyň köçelerinde hususy taksileri nyşana alýandyklaryny habar berdi.

Mart aýynda ýurt başyna geçen Serdar Berdimuhamedow özüniň ilkinji howpsuzlyk mejlisiniň ep-esli bölegini ýurtda köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi baradaky talaplaryna gönükdirdi. Prezidentiň aprelde geçiren howpsuzlyk mejlisiniň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan raýatlar döwlet telewideniýesinde öz-özlerini ýazgarýan görnüşde görkezildi.

Galyberse-de, maý aýynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, köçe-ýol hereketini bozmakda aýyplanýan sürüjilere we pyýadalara degişli käbir jezalaryň jerime tölegi artdyryldy.

Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedowyň hökümet başyna geçen ilkinji aýlarynda taksi sürüjilerine awtoulagyň öňündäki oturgyjyna islendik ýaşdaky aýal ýolagçylaryň mündürilmegi gadagan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Более 220 единиц новой медицинской техники начали использовать в Москве


Спорт в России и мире
Москва

Что можно отметить в этот день


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Анна Калинская

Калинская поддержала Синнера после поражения на "Ролан Гаррос"


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Суд отправил под арест подозреваемого в убийстве пенсионера в парке Москвы





Путин в России и мире
Москва

Глава Гагаузии Гуцул выразила желание снова встретиться с Путиным


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Анастасия Ивлеева

Сменившая образ Ивлеева появилась на презентации своего азиатского ресторана



Москва

РФ и КНР будут круглогодично использовать Севморпуть

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net