Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2022

Türkmenabatda 'arzan' azygyň baýramçylykly satuwy boldy

0

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny gazanan senesini belleýän güni welaýat merkezleriniň bazarlarynda käbir gyt azyk önümleri peýda boldy. 27-nji sentýabrda Türkmenabadyň ýaşaýjylary subsidirlenen diýilýän bahalardan ýumurtga, pagta ýagy we towuk budlary ýaly azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmenabadyň Gök bazarynda irden adam köpdi, bu ýerde subsidirlenen bahalardan käbir azyk önümleri satyldy. Çeşmeleriň habar bermegine görä, satuwa ösümlik ýagy, ýumurtga, doňdurylan towuk budlary we doňdurylan balyk çäkli mukdarda çykarylypdyr. Ösümlik ýagy bir litri 31 manada, doňdurylan towuk budlary bir kilogramy 18 manada, 30 ýumurtga 22 manada satyldy.

Emma nobatda duran adamlaryň aglaba bölegine bu önümler ýetmändir. Az mukdarda satuwa çykarylan harytlar diňe nagt pula satylypdyr, töleg kartlary kabul edilmändir. Bu barada 27-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky ýerli çeşmeleri habar berdi.

Gyt azygyň satuwda peýda bolmagy baýramçylyga gabat geldi. 27-nji sentýabrda Türkmenistan garaşsyzlygynyň 31-nji ýyl dönümini belleýär.

Baýramyň öňüsyrasynda Türkmenabatdaky käbir dükanlarda un hem gysga wagtlyk peýda boldy. Çeşmelere görä, un baýramçylykdan birnäçe gün öň, Türkmenabadyň merkezinde ýerleşýän döwlet dükanlarynda satylyp başlandy. Satuwyň baryşyna polisiýa işgärleri gözegçilik etdi.

Mundan öň subsidirlenen bahadan un soňky iki aýda ýerli dükanlaryň tekjelerinde görünmeýärdi. Ýurtda subsidirlenen bahadan un adam başyna aýda 5 kilogram möçberde satylýar.

Hökümet tarapyndan kesgitlenen bahalardan önümleriň satylmagyna henizem ilat tarapyndan uly isleg bar. Soňky iki ýylda hatda subsidirlenen bahalaryň hem ýokarlanmagyna, şeýle hem harytlaryň hiliniň pesligine garamazdan, adamlar köp sagatlap nobatda durýarlar, köplenç nobatda duranlaryň ençemesine azyk ýetmän galýar. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli pese gaçmagy we harytlaryň hem hyzmatlaryň gymmatlamagy ýurduň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň azyk üpjünçiligini subsidirlenen bahalara garaşly edýär.

Bu aralykda, Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin Garaşsyzlyk güni, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, birneme asuda geçdi. Şonda-da, jaýlaryň ýanynda goýlan awtoulaglary süýräp äkitmek, şeýle hem ýaşaýlara jaýlarynyň penjirelerini ýapdyrmak ýaly talaplar berjaý edildi.

"Agşam awtoulaglary dargatdylar, sebäbi baýramçylyk mynasybetli gül gowşurulyş bolmaly" diýip paýtagtyň "Parahat" etrapçalarynyň birinde ýaşaýan Azatlygyň habarçysy 27-nji sentýabrda Aşgabatdan habar berdi.

Döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda adatça ýurduň häkimiýetleri satuwa käbir azyk önümlerini çykarýarlar, paýtagtyň arassaçylygyna we daşky görnüşine has köp üns berýärler, şeýle hem ilata gözegçiligini güýçlendirýärler.

Ýurduň günbataryndaky Türkmenbaşy şäherinde Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda alkogol endikleri we neşe serişdelerine garaşlylygy sebäpli saglyk we bejeriş merkezlerinde hasaba alnan raýatlar häkimiýetler tarapyndan ýygnaldy we tussag astyna alyndy. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, olar 10-15 günlük tussaglykda saklanýar. Käbir hadysalarda polisiýa işgärleri raýatlary olaryň çagalarynyň gözüniň öňünde ellerini baglap, alyp gidipdir. Mundan başga-da, polisiýa ozal iş kesilen we tussag bolan raýatlara 25-28-nji sentýabr aralygynda Garaşsyzlyk güni sowulýança öýlerinden çykmazlyk barada duýduryş berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил победителей городского конкурса в сфере культуры и искусства


Спорт в России и мире
Москва

Фильм «Мой любимый чемпион» показали в павильоне «Роснефти» на ВДНХ в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Анастасия Потапова

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Портал «Малый бизнес Москвы» насчитывает более 200 тыс пользователей





Путин в России и мире
Москва

Лучшие фото недели // Запоминающиеся кадры 27–31 мая


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили парад в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт группы "Пикник" состоится 1 июня в Москве



Москва

В Москве прошёл концерт «Пикника», перенесённый из-за теракта в «Крокусе»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net