Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2022

CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy

0
CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy

Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) Türkmenistanyň prezidentini türkmen metbugatyna girizilen çäklendirmeleri aýyrmaga we žurnalist Nurgeldi Halykowy boşatmaga çagyrýar.

Bütin dünýäde metbugat azatlygyny goldaýan hökümete degişli bolmadyk bu garaşsyz gurama 15-nji awgustda Serdar Berdimuhamedowa ýüz tutup, ony konstitusiýany berjaý etmäge we ýurtdaky erkin hem garaşsyz habar beriş serişdelerine girizilen çäklendirmeleri aýyrmak üçin prezidentlik borjuny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

"Ilkinji ädim hökmünde metbugata girizilen çäklendirmeleri aýyrmagyňyzy we iki ýyl mundan ozal şu gün tussag edilen žurnalist Nurgeldi Halykowy boşatmagy talap edýäris" - diýlip, CPJ guramasynyň beýanatynda aýdylýar we žurnalistiň ykbaly barada çuňňur alada bildirilýär.

26 ýaşly Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň iýul aýynda COVID-19 pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran BSG-nyň missiýasynyň suratlaryny garaşsyz “Türkmen.news” neşirine ugratmagynyň yzýany Türkmenistanda tussag edilipdi. Galplaşdyrylan sud işiniň netijesinde ol şol ýylyň sentýabr aýynda 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Žurnalistleri goraýjy komitet Halykowyň gyssagly we şertsiz boşadylmagyny talap edip, mundan öň hem beýannama ýaýradypdy. 12-nji maýda bu halkara guramasy žurnalistiň işi barada metbugatda çap edilýän maglumatlar sebäpli ondan ar almak üçin üç gezek jeza kamerasyna ýerleşdirilendigini habar beripdi.

CJP guramasynyň 15-nji sentýabrda çap eden açyk hatynda “Türkmenistanyň Hronikasy” we “Türkmen.news” ýaly garaşsyz onlaýn habar beriş serişdeleriniň daşary ýurtlardan işlemäge mejbur bolýandygy, Türkmenistanyň içinde petiklenýändigi we olaryň ýurtda gizlin işleýän habarçylarynyň tapylan halatynda uzak möhletli tussaglyga sezewar bolýandygy aýdylýar.

"CPJ tarapyndan geçirilen gözleglerimiz, çap, ýaýlym we internet hyzmatlaryna hökümet monopoliýalary bilen bilelikde hökümet tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlaryň köpçülige elýeterli bolmazlygyny üpjün edýän birnäçe döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýän giňişleýin senzurany dokumentleşdirdi" - diýlip maglumatda aýdylýar.

Gurama Türkmenistanyň kanunçylygynyň senzurany gadagan edýändigini we raýatlara garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini kepillendirýändigine ünsi çekýär.

Nurgeldi Halykow häzirki wagtda Lebap welaýatyndaky LB-K/12 koloniýasynda saklanýar. Sud işiniň öňüsyrasynda Halykow özüne hamala 2020-nji ýylyň başynda alnan 5000 dollar karzy üzmändigi üçin günä bildirilýändigini "Türkmen.news" neşirine habar berdi. 15-nji sentýabrda Nurgeldi Halykow 228-nji madda (“galplyk”) laýyklykda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.

“Turkmen.news” neşiriniň redaksiýasy we adam hukuklaryny goraýan guramalar žurnaliste ýöňkelen aýyplamalaryň onuň işi sebäpli ar almak üçin toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.

2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň birnäçe edarasy türkmen häkimiýetlerinden türmä höküm edilen türkmen žurnalisti Nurgeldi Halykow hakda maglumat sorady.

"Turkmen.news" neşiriniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň fewralynda BMG-nyň söz we pikir azatlygy hukugyny öňe sürmek hem goramak boýunça ýörite hasabatçysy, Esassyz tussag edişlikler boýunça iş topary, Zor bilen ýitirim edilmeler boýunça iş topary we adam hukuklaryny goraýjylaryň ýagdaýy boýunça ýörite hasabatçy Nurgeldi Halykowa berlen höküm barada türkmen häkimiýetlerine on sahypalyk hat iberdi. Şonda BMG wekilleriniň Halykowyň yzarlanmagynyň düýp sebäpleri barada beren sowallaryna türkmen tarapyndan hiç hili degişli maglumaty öz içine almaýan üç sözlemden ybarat jogap alandygy habar berildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как москвичи исполняют заветные мечты детей-сирот


Спорт в России и мире
Москва

Муж Заворотнюк дал волю эмоциям на прощании с актрисой


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Ролан Гаррос

Медведев пошутил о том, что часто проводит ночные матчи на турнирах «Большого шлема»


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Синоптик рассказал, когда из Москвы уйдёт аномальная жара





Путин в России и мире
Москва

Лучшие фото за май // Запоминающиеся кадры месяца


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили по телефону предстоящий саммит ШОС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Денис Мацуев

В Уфе продолжается музыкальный фестиваль "Денис Мацуев представляет: Диалог поколений"



Москва

Реабилитационный центр «Кораблик» за год принял более четырех тысяч детей

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net