Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2022

Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy

0
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy

Türkmenistanda şu ýyl 160 müňe golaý çaganyň mekdebe barjakdygy yglan edilen mahaly, Lebap welaýatynyň käbir orta mekdeplerinde bu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sanynyň azlygy sebäpli meýilleşdirilen synplaryň üçden bir böleginiň goýbolsun edilendigini aýdýar.

"Her orta mekdepde 1-nji synp okuwçylar üçin üç sany synp döretmek göz öňünde tutulýardy. Bular A, B we Ç synplary bolmalydy. Olaryň her birinde 25 sany okuwçy bolmalydy. Ýöne bu ýyl 1-nji synpa okuwa başlan çagalaryň sany juda az boldy. Şol sebäpli mekdepleriň köpüsinde 1-nji synplar üçin diňe iki sany synp döredildi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply mugallym aýtdy.

Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli mekdepleriň ýerleşýän ýerini we belgilerini äşgär edip biljek maglumatlary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Bilim işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, mekdep ýolbaşçylary 12-nji sentýabra çenli 1-nji synplar üçin göz öňünde tutulan üçünji synpyň dolmagyna garaşdylar.

"Bu seneden soň, 1-nji synplar üçin döredilen iki synpyň her birinde 25 ýa-da 26 okuwçy hasaba alyndy" diýip, mugallym belledi.

Türkmenistanda şu ýyl 160 müňe golaý çaganyň 1-nji synpa okuwa barjakdygy yglan edildi. Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň 30-njy awgustda çap eden habaryna görä, 2022-2023-nji okuw ýylynda ýurt boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, şol sanda 1-nji synplarda 159 müň 772 çaganyň okamagyna garaşylýar.

Bilim işgärleri bu görkezijiniň mundan üç-dört ýyl öň 100 müň töwereginde bolandygyny ýatladyp, bu ýylky sanyň öňkülerden 60% töweregi ýokarydygyny aýdýarlar we onuň dogrulygyna şübhe bildirýärler.

"Hökümet başlangyç synpa okuwa başlaýanlaryň sanynyň 100 müň töweregindedigini yglan eden mahaly, 1-nji synplar üçin dört-bäş sany synp döredilýärdi" diýip, başga bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ol häzirki ýagdaýyň demografiki krizisden başga zat däldigini aýdyp, munuň sebit ilatynyň köpüsiniň daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä zähmet migrasiýasyna gidendigi we köp çagaly bolmak isleýän maşgalalaryň azlygy bilen düşündirýär.

Ýakynda dogan-garyndaşlary Türkiýede zähmet çekýän bir lebaply ýaşaýjy sebit ilatynyň tas 40 göteriminiň daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede zähmet çekýändigini aýtdy.

"Häzirki wagtda köp maşgala iki çaga bilen ýetinýär. Olar ondan köp çagadan boýun gaçyrýarlar. Ýaşlaryň köpüsi bolsa, maşgalaly bolmakdan gaçýar. Sebäbi ýurtda dowam edýän krizis sebäpli işsizlik giňden ýaýrady. Olar işläp gazanç edip bilmeýändikleri sebäpli maşgalany ekläp bilmejekdiklerini aýdýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi we onuň ýerli edarasy, şeýle-de Statistika baradaky döwlet komiteti bilen habarlaşyp, ýokarda beýan edilen ýagdaýlary tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.

Şu ýylyň dekabr aýynda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýan Türkmenistanyň hökümeti 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmeýär.

Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri 2008-2019-njy ýyllar aralygynda takmynan 1,9 million adamyň Türkmenistany terk edendigini we häzirki wagtda ýurduň ilatynyň 3 milliondan hem azdygyny habar berdiler. 2006-njy ýylda hökümet statistikasy Türkmenistanyň ilatynyň 6,79 million adama ýetendigini öňe sürüpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNu lgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

Фильм «Мой любимый чемпион» показали в павильоне «Роснефти» на ВДНХ в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Australian Open

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Победитель Чемпионата по рыбалке на Рыбной неделе получил 1 млн рублей





Путин в России и мире
Москва

Лучшие фото недели // Запоминающиеся кадры 27–31 мая


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили парад в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Баста

Рэпер Баста рассказал, на что будет претендовать его СКА



Москва

Везти себя хорошо: чем опасны одиночные путешествия и как избежать рисков

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net