Gyrgyzystanyň Milli gwardiýasynyň iki harbysy gyz zorlamakda güman edilýär
Gyrgyzystanyň Milli gwardiýasynyň iki işgäri gyz zorlamakda güman edilýär diýip, respublikasynyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Esasy gözegçilik gullugynyň aýtmagyna görä, 5-nji sentýabrda bir gyz olara arza bilen ýüz tutdy. Arzada aýdylmagyna görä, 4-5-nji sentýabr gijesi sagat 04:30 töweregi iki sany erkek adam ilki ol gyzyň garşysyna fiziki güýç ulanyp, soňra ony awtoulagyň yzky oturgyjynda zorlapdyr.
Harby prokuratura Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasyna laýyklykda jenaýat işini açdy.
Güman edilýän harby gullukçylar 11-nji sentýabrda Bişkek garnizonynyň garawulhanasyna iberildi.
Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda 604 sany jynsy zorluk hadysasy hasaba alyndy, emma düzüminde jenaýat alamatynyň ýoklugy sebäpli, bu işleriň 53%-niň derňewi bes edildi.
Mejbury nikalaşmak üçin aýallary alyp gaçmak boýunça 254 waka hasaba alyndy, olaryň 84% -i düzüminde jenaýat alamatlarynyň ýoklugy sebäpli ýatyryldy.