ABŞ Russiýany türmedäki oppozisiýa lideri Nawalnyny derrew boşatmaga çagyrýar
![ABŞ Russiýany türmedäki oppozisiýa lideri Nawalnyny derrew boşatmaga çagyrýar](https://gdb.rferl.org/08790000-0a00-0242-7ba5-08da8a7d2974_w800_h450.jpg)
Birleşen Ştatlar Russiýany ýaňy-ýakynda ýeke adamlyk kamera geçirilen tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň derhal boşatmaga çagyrýar.
“Birleşen Ştatlar rus hökümetiniň Alekseý Nawalnynyň hukuklaryna barha köp, eden-etdilikli goşulmagyndan çuňňur aladalanýar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 9-njy sentýabrda aýtdy.
Nawalny 8-nji sentýabrda ýazan twitlerinde türme häkimiýetleriniň özüni “şärikler bilen aragatnaşyk saklamakda” we türmede jenaýatçylykly hereket bilen meşgullanmakda aýyplap, aklawçy-müşderi hukuklaryny ýatyrandyklaryny aýtdy.
Nawalny 7-nji sentýabrda Instagramda ýazan postunda özüniň 15 gün möhlet bilen ýeke adamlyk kamera iberilendigini aýtdy. Munuň bilen, ol Moskwanyň 260 kilometr gündogarynda ýerleşýän Melehowa türmesinde dördünji gezek izolýasiýa geçirilýär.
Praýs Russiýany Nawalnynyň aklawçy – müşderi hukugyny ýatyrmakda tankyt etdi. “Bu gatyşyk, şeýle-de onuň öňe sürülýän ýönekeý hukuk bozulmalar sebäpli gaýta-gaýta ýeke adamlyk kamera geçirilmegi syýasy matlaply hüjümiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar” diýip, Praýs aýtdy.
Nawalny 2021-nji ýylyň ýanwarynda Germaniýadan, 2020-nji ýylda Sibirde bolan zäherleme hüjümi zerarly bejergi alýan ýerinden, Moskwa dolananda tussag edildi. Ol zäherlemede rus prezidenti Wladimir Putini aýyplaýar.
Nawalny şertli düzgünleri bozmak, kazyýeti kemsitmek we ‘galplyk’ diýilýäni üçin 11,5 möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.