Gazagystanyň Baş prokuraturasy ýanwar wakalarynda ölenleriň sanawyny çap etdi
Gazagystanyň Baş prokuraturasy 16-njy awgustda ýanwar wakalarynda ýogalan adamlaryň sanawyny çap etdi. Bu sanaw ganly protestlerden ýedi aý soň çap edildi. Wepat bolanlaryň sanawynda 238 adamyň familiýasy görkezilýär, emma olaryň atlary aýdylman, adyň baş harpy goýulýar.
Baş prokuraturanyň sanawynda ölenleriň nähili ýagdaýda heläk bolandygy hem görkezilmeýär.
Olaryň haýsysynyň terrorçylyga garşy geçirilen operasiýa diýilýän wagtynda, howpsuzlyk güýçleriniň agzalary tarapyndan atylyp öldürilendigi belli däl.
Şeýle-de, Baş prokuratura tarapyndan çap edilen sanawda kimleriň tötänden, atyşygyň ýa-da ýörite enjamlaryň bikanun ulanylmagynyň pidasy bolandygy görkezilmeýär.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döreden gaznasy biraz öň derňew netijesinde tötänlikde öldürilen diýip ykrar edilen 19 adamyň maşgalasyna kompensasiýa tölenendigini habar berdi.
Şeýle-de, sanawdaky 238 adamyň haýsylarynyň tussag edilenden soň, gynamalar sebäpli ölendigi görkezilmeýär.
Baş prokuraturanyň wekili iýun aýynyň aýagynda deslapky tussaghanadaky gynamalar sebäpli alty adamyň ölendigini aýtdy.
Sanawda ýogalanlaryň ýaşlary, jynsy hem anyklaşdyrylmaýar.