Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Август
2022

Türkmenistany terk etmäge çalyşýan adamlar ‘köpelýär’

0
Türkmenistany terk etmäge çalyşýan adamlar ‘köpelýär’

Daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana dolanmakda dowam edýän kynçylyklara parallel, eklenç aladalary zerarly ýa-da ýokary okuw maksady bilen ýurdy terk etmäge çalyşýan raýatlar köpelýär.

Şeýle meýiller türkmen hökümetiniň pandemiýa zerarly ýatyran käbir halkara uçar gatnawlaryny bölekleýin dikeltmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Iki aý töweregi mundan ozal, Türkmenistanyň milli daşaýjysy Dubaý we Kazan ugurlary boýunça, munuň yz ýany, Moskwa ugry boýunça halkara uçar gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulýandygyny yglan etdi.    

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dowam edýän giň ýaýran işsizligiň arasynda, “hatda ýaşaýyş jaýlaryny satyp, eklenç gözleginde daşary ýurtlara” çykmaga çalyşýan adamlaryň bardygyny habar berýär.

“Öz ýaşaýan jaýyny satyp, ‘ýurtdan çyksak bolýar’ diýýän adamlar köpeldi” diýip, bir welaýat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlara çykmaga isleg bildirýän welaýatlardan bolan ýaşaýjylaryň ýoly köplenç Aşgabatda petiklenýär.

Habarçymyzyň bir söhbetdeşi, meselem, Türkiýä gitmek üçin 5000 dollar möçberinde pul soraýan taraplaryň bardygyny we bu puluň içine ähli kagyz işleriniň we uçar bilediniň töleginiň girýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistan heniz Türkiýe ugry boýunça halkara uçar gatnawlaryny doly dikeltmedi. Pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagy Türkiýede ýaşaýan ençeme türkmenistanlyny kynçylyga iterdi. Iýulyň ahyrynda, awgustyň başlarynda Stambulyň halkara howa menzili ýüzlerçe türkmenistanlynyň ýurda dolanmak bilen bagly dowam edýän kynçylyklara garşy beýan eden nägileliklerine şaýat boldy.

Bu aralykda, Türkmenistany terk etmäge çalyşýan raýatlaryň arasynda Russiýa gitmäge çalyşýan adamlar hem bar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Russiýa gitmäge çalyşýan raýatlaryň arasynda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga, ýa-da “ýokary okuw bahanasy bilen Russiýada işe durmaga çalyşýan” adamlaryň bardygyny habar berdi.

29-njy iýulda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 1-nji awgustdan başlap, Aşgabatdaky rus konsulhanasynyň “Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri we talyplary üçin okuw wizasyny resmileşdirip başlaýandygyny” habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 7-nji awgustda bir ýerli ýaşaýjynyň rus wizasyna ýüz tutmak üçin Aşgabada eden sapary barada habar berdi.

Habarçymyzyň söhbetdeşi 1-nji awgustda Aşgabatdaky rus konsulhanasynda 1 müňe golaý adamyň wiza üçin nobata ýazylandygyna şaýat bolandygyny gürrüň berdi.

“Biz 1-nji awgust güni ýoldaşlarymyz bilen Russiýa wiza almak üçin Aşgabatdaky rus konsullygyna bardyk. Adam juda kän, 1 müňden geçýär. Ol adamlaryň arasynda iki gün bäri nobata garaşýan adamlar bar. Biz nobata ýazyldyk. Konsullyk irden sagat 9-da işe başlap, günortana çenli resminamalary kabul edýär. Her gün gaty az adam kabul edilýär. Nobata duranlaryň arasynda her welaýatdan adamlar bar” diýip, habarçymyzyň maryly söhbetdeşi gürrüň berdi.

Russiýa wiza ýüz tutmak üçin Aşgabada baran maryly ýaşaýjy bir hepde paýtagtda bolup, 6-njy awgustda yzyna dolanandygyny, wiza işleriniň şowsuz tamamlanandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçymyzyň söhbetdeşi rus konsulhanasynyň nobatynda 5 müň manada adamlaryň nobatyny öňe süýşürmegi, 10 müň manada wiza açdyryp bermegi wada berýän adamlara duşandygyny gürrüň berdi.

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 30 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar.

Türkmenistan iki ýyl ozal koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny doly ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

Муж Заворотнюк дал волю эмоциям на прощании с актрисой


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Ролан Гаррос

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Победитель Чемпионата по рыбалке на Рыбной неделе получил 1 млн рублей





Путин в России и мире
Москва

Путин провел совещание с членами Совета безопасности России


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили парад в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Ирина Серегина

Концерт студии "Жерминаль"



Москва

Подмосковный НИКИ детства провел онлайн-марафон «Бегом за здоровьем» 1 июня

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net