123ru.net
Azathabar.com
Август
2022

Türkmenistan hajylaryň gaýdyp gelenini bir hepdeden soň habar berdi

0
Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri 29-njy iýulda, aslyýetinde bu seneden bir hepde ozal ýurda dolanan, haj zyýaratçylarynyň watanyna gaýdyp gelendiklerini mälim etdiler. Ýatlatsak, Azatlyk 2-nji iýulda haj parzy üçin Saud Arabystanyna giden 275 türkmen zyýaratçysynyň, 22-nji iýulda ýurduň esasy karantin zolaglary ýerleşýän Türkmenabada dolanandyklaryny we dessine bir hepde möhlet bilen üzňeleşdirilendiklerini anyklapdy. Şol pursat, çeşmelerimiz zyýaratçylaryň karantinde bir hepde geçireninden soň, türkmen mediasynda olaryň, hamala, şol pursat dolanandygy barada habar beriljekdigini gürrüň beripdiler.


“29-njy iýulda irden haj parzyndan gelen zyýaratçylaryň ählisini karantin zolagyndan aeroporta getirdiler. Lebaplylar şol ýerden göni öýlerine iberildi. Maryly hajylary öz sebitine ýörite awtobus bilen ugratdylar. Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndan bolanlar bolsa, ýörite uçarda Aşgabada iberildi” diýip, 30-njy iýulda giçlik Türkmenabadyň aeroportundaky ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.




Bellemeli ýeri, “Watan” habarlar gepleşiginiň 29-njy iýulda agşam goýberilen sanynda, ýurda dolanandygy aýdylýan zyýaratçylaryň Boeing-737 kysymly uçardan eli baýdakly düşýän pursatlary görkezildi. Emma 2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary has uly göwrümli Boeing-777 kysymly uçarda Saud Arabystanyna tarap ýola düşüpdiler. Aeroportdaky çeşmämiz lebaply we maryly hajylaryň Aşgabada ugradylmandygy sebäpli, beýlekileriň has kiçi göwrümli uçar bilen paýtagta ýollanandygyny aýtdy.


Geçen anna güni döwlet telewideniýesinde görkezilen reportažda çykyş eden hajylaryň hiç biri-de bir hepde möhlet bilen karantinde saklanandyklary barada gürrüň etmediler. Munuň deregine, adatça bolşy ýaly, amal eden haj zyýaratlary üçin-de ýurtbaştutanyna alkyş okadylar.


Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny erjellik bilen inkär edýän türkmen häkimiýetleri  gowşadylan pandemiýa çäklendirmelerini yzyna gaýtaryp başlamagy bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan gelen ýolagçylary ýedi gün möhlet bilen karantinde saklamak düzgünlerini hem öz güýjünde saklaýar.




Şu ýyl Türkmenistandan 275 adam 2-22-nji iýul aralygynda Saud Arabystanynda haj zyýaratynda boldy. Türkmenistanyň prezidentiniň 23-nji iýunda gol çeken permanyna görä, ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.


Türkmenistanly haj zyýaratçylary iki ýyl arakesmeden soň, has takygy 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Saud Arabystanynda bolup, haj parzyny berjaý etdiler. Saud Arabystany soňky iki ýyl bäri dowam edýän pandemiýa zerarly daşary ýurtlardan zyýaratçy kabul etmegi wagtlaýyn togtadypdy. Geçen ýyl patyşalyk haj zyýaratyny diňe sanjym edilen ýerli ilata elýeterli edipdi.


Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe çäkli zyýaratçyny, takmynan 150-280 adamy döwlet ýardamy bilen haj parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.


Ýöne Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär. Hökümetçi "TurkmenPortal" neşiri aprelde Saud Arabystanynyň bu ýyl Türkmenistana 2 müň 83 haj kwotasyny berendigini habar berdi.


Galyberse-de, habarçylarymyz Türkmenistanda haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki para-berim barada hem her ýyl diýen ýaly habar berýärler.




17-nji iýunda haj zyýaratyna dalaşgär bir türkmenistanly “...zyýarata dalaşgärleriň sanawyna goşulmak üçin din resmileriniň, araçylaryň üsti bilen, özünden ilki “3 müň dollar, soňra 4-5 müň dollar möçberinde” “töleg” sorandygyny gürrüň beripdi.


Şu aýyň başynda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Lebap welaýatyndan haj zyýaratyna 44 raýatyň iberilendigini we olaryň aglabasynyň öňki wezipeli resmilerdigini ýa-da telekeçilerdigini anykladylar.


29-njy iýulda “Watan” habarlar gepleşiginde berlen reportažda haja giden türkmen zyýaratçylarynyň arasynda, degişlilikdäki has ýaş, ýagny orta ýaşly adamlary hem synlasa bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал о передовых российских разработках ИИ в области медицины


Спорт в России и мире
Москва

Баскетболисты ЦСКА начнут защиту титула в Единой лиге ВТБ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Ига Швёнтек снялась с турнира категории WTA-1000 в Пекине


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Экологическая симфония: названы лауреаты Премии ECO BEST!





Путин в России и мире
Москва

Ответный удар: у Москвы есть способ причинить Западу непоправимый ущерб


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко поддержал расширение взаимоуважительного диалога с Ереваном




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Глава МИД Польши попытался оправдаться за свои слова про Крым


Навальный в России и мире
Москва

Польские власти арестовали четверых из восьми подозреваемых по «Невзлингейту»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Егор Летов

Кот с собачьим именем и споры о жизни. Как омские панки оказались надёжной опорой для отца Егора Летова



Москва

Движение временно прекращено по участку дороги М-9 в Тверской области

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net