Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Июль
2022

Bilbil daýza: Mellekleriň parasy 200 müň manada ýetdi, jaýly bolmak düýşe öwrüldi

0
Bilbil daýza: Mellekleriň parasy 200 müň manada ýetdi, jaýly bolmak düýşe öwrüldi

Balkan welaýatynda jaý salmak üçin döwlet tarapyndan bölünip berilýän mellekleriň parasy 200 müň manada ýetdi. Mellek alyp, jaý gurmak we üç gelnimden birini başga jaýa çykarmak düýşe öwrüldi diýip, balkanly Bilbil daýza aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysy mellek almak üçin 10 ýyldan gowrak wagt bäri nobatda duran balkanlylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Bu ýaşaýjylar jaý salmak üçin döwlet tarapyndan bölünip berilýän mellekleri almakdaky paranyň möçberi we jaýsyzlygyň özlerine ýetirýän täsirleri barada gürrüň berdiler.

"Agtyklar ýyl-ýyldan köpelýär. Dört otagly jaýda dört oglum, gelinlerim we agtyklarym, jemi 19 adam bolup ýaşaýarys. Dördünji oglum hem gullugy tamamlap gelse, ony-da öýlendirmeli diýip, ýerli arçynlyga gaýta-gaýta ýüz tutýaryn. Arçynlyk maňa her gezek "nobatyň ýetsin" diýip, 11 ýyl bäri ne arzama jogap berýär, ne-de mellek berýär" diýip, Serdar etrabynyň ýaşaýjysy Bilbil daýza aýtdy.

Azatlykda Bilbil daýzanyň şahsyýeti we ýaşaýan ýeri barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Bilbil daýza we mellek nobatyna garaşýan başga-da ençeme ýaşaýjy degişli resmileriň, araçylaryň üsti bilen, özlerinden on müňlerçe, käte ýüzlerçe müň manat möçberinde para soraýandygyny, soralýan serişdäni beren raýatlara dessine mellek satylýandygyny hem aýdýarlar.

"Arçynlyk nobatda durman, para beren adamlara mellek bölüp berýär. Ýer kadastr etrap bölümleri birleşip, döwlet ýerleriniň ummasyz bölegini uly möçberde para berenlere satýarlar" diýip, Bilbil daýza gürrüň berdi.

Mellek ýerini almaga synanyşýan ýaşaýjylar mellekleriň resmi bahalary we olary almak üçin soralýan paranyň möçberleri barada hem maglumat berdiler.

"Döwlet tarapyndan adamlara şäherden 8 sotka, obadan 12 sotka ýer bölünip berilýär. Bu mellek ýeriniň döwlet tölegi 300 manada barabar. Ýöne para bermeseň, bu mellegi alyp bolmaýar. Oba ýerden mellek almak üçin 20 müň - 100 müň manat aralygynda, şäherden almak üçin 100 müň - 200 müň manat aralygynda para bermeli" diýip, Bilbil daýza aýtdy.

Ol çagalary kiçikä adamysynyň aýatdan ötendigini belläp, ýeke enedigine garamazdan, döwlet ýeňilliklerinden peýdalanyp bilmeýändigine hem ünsi çekdi. Şeýle-de, Bilbil daýza Serdar Berdimuhamedow wezipä girişende, her bir maşgalany öý, jaý bilen üpjün etmegi wada berendigini ýatladyp, ýerli häkimiýetleriň bu wadany öz bähbitleri üçin ulanýandygyny hem aýtdy.

Ýatlatsak, Serdar Berdimuhamedow bu wadasyny 19-njy martda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda beýan edipdi.

"Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar" diýip, prezident bu maksatnamanyň haçan durmuşa geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrmandy.

"Mellek ýerleri asyl mätäç adamlara däl-de, gurply adamlara satylýar. Para bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýaş maşgalalar gaty kösenýär. Uruş-dawa hem köp bolýar" diýip, Bilbil daýza aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli resmilerden, şol sanda Balkan welaýat we Serdar etrap häkimliklerinden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 27-nji iýulda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýyş jaý we mellek ýer meseleleri ýyllarboýy çözülmän gelýär.

Azatlyk ýurt häkimiýetleri tarapyndan ilata satylan mellekleriň yzyna alynmagy ýa-da olaryň çölüň içinden paýlanyp berilmegi, bu ýerlere häkimiýetler tarapyndan gaz, suw, tok we ýol çekilmezligi barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Türkmen metbugaty "Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ýurduň paýtagty we sebitleri tanalmaz ýaly özgerdi" diýip, ýurtdaky gurluşyklaryň depginine uly baha berýär. Ýöne ýykylýan jaýlar, mellek ýerini alyp bilmän kösenýän adamlar barada ne häkimiýetler, ne-de resmi media mesele gozgaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил всех социальных работников с профессиональным праздником


Спорт в России и мире
Москва

В Москве 14-летний мальчик ранил ножом 16-летнего юношу на футбольном поле


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Уимблдон

Каспер Рууд: «Не буду выступать на турнирах перед «Уимблдоном», но на нем, конечно, сыграю»


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Суд отправил под арест подозреваемого в убийстве пенсионера в парке Москвы





Путин в России и мире
Москва

Путин пригрозил оружием Западу, Киев закрыл поездки по Европе, США ввели санкции против Грузии – большие итоги недели от РИА «Новый День»


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Сергей Брановицкий

Приведем Клиентов на ваш Сайт, Покупателей на ваши Услуги и Товары, возможных посетителей ваших Мероприятий и Концертов!



Москва

Правительство Тюменской области оказывает следствию содействие по делу замгубернатора

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net