AI: “Talybanyň” adam hukuklaryny çäklendirmegi aýal-gyzlaryň durmuşyny harap edýär
“Talybanyň” adam hukuklaryna garşy alyp barýan ‘bogujy’ çäreleri owgan aýal-gyzlarynyň durmuşyny harap edýär diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International topary belledi.
Hukuk toparynyň 26-njy iýulda ýaýradan hasabatynda radikal toparyň mundan bir ýyl ozal häkimiýeti ele geçireninden soň, aýal-gyzlaryň bilim, iş we erkin hereket etmek haklaryny dowamly çäklendirendigi nygtalýar.
Halkara jemgyýetçiligi “Talybanyň” häkimiýetini ykrar etmekden ýüz öwürýär. Olar ilki Owganystanda adam hukuklarynyň sylagyň ornaşdyrylmalydygyny we beýleki toparlara çydamlylygyň görkezilmelidigini aýdýarlar. Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary ösüş fonduna niýetlenen milliardlarça dollary kesdi we milliardlarça owgan milli serişdelerini doňdurdy.
“Talyban” ilki bada özüni ozalky, ýagny 1996-2001-nji ýyllardaky häkimiýeti döwründen tapawutlylykda has aram edip görkezmäge synanyşsa-da, soňy bilen diňe erkeklerden düzülen hökümeti düzdi, ýedinji synpdan soň gyzlaryň bilim almagyny gadagan etdi, aýallaryň iş mümkinçiliklerini çäklendirdi we olaryň diňe gözleri görnüp durar ýaly lybaslary geýmegini talap etdi.
Amnesty International topary “Talybanyň” öý zulumyna duçar bolýanlary goramak boýunça hem ýeterlik tagalla etmändigini, şeýle-de sähel etmiş üçin aýal-gyzlary tussag edendigini we çagalar bilen maşgala gurmagy ýola goýandygyny nygtady.