Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - Mary
![Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - Mary](https://gdb.rferl.org/54CAE5CC-BE77-491F-8893-BDE4F151841F_cx0_cy3_cw100_w800_h450.jpg)
1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen köpçülik çärelerine çagalar mejbury çekildi. Şeýle-de, welaýat paýtagtynyň merkezi köçelerinde Bütindünýä welosiped gününiň öňýany, 1-nji iýunda irden köpçülikleýin tigir sürmek çäresi geçirildi. Bu çärä bolsa, býujet işgärleri mejbury gatnaşdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.