Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň jaýy garrylar öýüne öwüriler
Gyrgyzystanyň Döwlet emläk dolandyryş gaznasy Sosial-demokratlar partiýasynyň wekilleriniň ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň Koý-Taşdaky rezidensiýasynda çagalar üçin bilim we dynç alyş sport toplumyny açmagy buýrandygy baradaky maglumatlara düşündiriş berdi diýip, Azatlygyň Gyrgyz gullugy habar berýär.
Aýdylmagyna görä, “Koý-Taş obasyndaky umumy meýdany 1385,5 inedördül metre barabar bolan saglyk merkezi döwlet eýeçiligine geçirildi” we eýeçilik hukugy 12-nji aprelde kadastr hasabyna alyndy.
Şeýle-de, gaznanyň işgärleriniň 30-njy maýda emläk sanawyny almak üçin ol ýere baryp görendikleri we Atambaýewiň wekillerine üç günüň içinde desgany boşatmak zerurlygyny ýadandyklary habar berildi.
Bişkegiň Birinji Maý etrap kazyýeti 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Almazbek Atambaýewi jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň bikanun boşadylmagy meselesinde, emlägini konfiskasiýa etmek bilen, 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum etdi.
Soň Bişkek şäher kazyýeti bu karary güýjünde galdyrdy. Şu ýylyň mart aýynda Ýokary kazyýet hem başda çykarylan hökümi güýjünde galdyrdy.