Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Апрель
2022

Mary: Köçede el tutuşyp ýöreýän jübütler polisiýa bölümine alnyp gidilýär

0
Mary: Köçede el tutuşyp ýöreýän jübütler polisiýa bölümine alnyp gidilýär

Türkmenistanyň köçelerinde polisiýanyň raýatlara gözegçiligi günsaýyn güýçlenýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerde gözegçilik edýärler we el tutuşyp barýan jübütleri polisiýa bölümine alyp gidip, olar bilen düşündiriş işlerini geçirýärler. Resmiler aýal-gyzlara makiýaž etmeli däldiklerini aýdyp, başlaryna ýaglyk dakynmagy tabşyrýarlar. Häkimiýetleriň raýatlara garşy soňky gözegçilik çäreleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde polisiýa işgärleri köçede el tutuşyp barýan ýa-da awtoulagda gürleşip oturan jübütleriň, är-aýallaryň onlarçasyny tussag etdi. Habarçymyz bu jübütleriň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

"Men aýalym bilen öýden çykyp, 100 metr çemesi ýol geçip-geçmänkäm, polisiýanyň ulagy golaýymyzda saklandy we ondaky polisiýa işgärleri maňa hem-de aýalyma polisiýa ulagyna münmelidigimizi aýtdy. Biz maskamyzy doly we dogry dakynandygymyzy aýdyp, düzgüni bozmandygymyzy düşündirmäge synanyşdyk. Olar bizi näme üçin polisiýa bölümine alyp gidýändiklerini şol ýerde düşündirjekdiklerini aýtdylar. Biziň her birimizi bir otaga salyp, aýry-aýry sorag etdiler" diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri jübüdiň resmi nikaly är-aýaldygyna ynanmandyrlar. Ol öýüne jaň edip, özüniň we aýalynyň pasportlaryny hem-de resmi nikasyny subut edýän şahadatnamany getirdenden soňra, polisiýa işgärleri olar bilen düşündiriş ýygnagynyň geçiriljekdigini aýdypdyrlar.

"Bizden başga-da ençeme jübüdi saklapdyrlar. Ýygnaga gatnaşan jübütleriň sany 10-dan geçýärdi. Ýygnakda bir polisiýa işgäri we bir aýal çykyş etdi. Olar bize, hususan-da, aýal maşgalalara öwüt-ündew, wagyz-nesihat etdiler. Olar "Gadym döwürde biziň enelerimiz kellesi açyk gezmändirler. Siz edepsiz bolupsyňyz. Durmuşa çykanyňyzdan soň kelläňiz öýmeli bolmaly. Öňler edebiň birinji nyşany ýaşynmak bolupdyr. Gelinler hatda gaýyn enesinden, gaýyn atasyndan we gaýyn agalaryndan ýaşynyp, çagalaryň üsti bilen düşünişipdirler. Siz bolsa, kosmetika çümüp utanaňyzogam. Şol bolşuňyz bilen, gol tutuşyp, biedep terbiýe görkezýärsiňiz" diýdiler" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, düşündiriş işleri geçirilen jübütlere ýazmaça duýduryş berildi we bu ýagdaý gaýtalansa, onda olara jeza beriljekdigi duýduryldy. "Ýöne olar nähili jeza beriljekdigini aýtmadylar" diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.

Şeýle-de, habarçymyz polisiýa işgärleriniň mundan ozal polisiýa bölüminde hasaba alnan gelinleriň öýleriniň töwereginde garawullyk çekýändigini hem habar berýär.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri köp gatly jaýlaryň girelgelerinden çykanlary saklap, olaryň haýsy jaýdan çykýandygyny anyklaýarlar. Gelinleriň ýaşaýan jaýyndan çykan adamlar polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär.

"Bu ýagdaý polisiýa işgärleriniň adamlardan para almagynyň bir usulyna öwrüldi. Olar para beren adamlary goýberýärler" diýip, ýagdaýdan habarly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk bu çäreler barada Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky üç hepdeden gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirdi. Aýal-gyzlaryň kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi doly diýen ýaly çäklendirildi. Şeýle-de, olara jeans we dar köýnek geýmek gadagan edildi. Düzgün bozanlara jerime salnyp başlandy. Munuň bilen bir wagtda, resmi nikasyz bile ýaşaýan jübütleri anyklamak üçin reýdleri geçirmek we olara jerime salmak çäreleri güýçlendi.

28-nji aprelde habarçylarymyz kosmetiki amallary ulanandyklary üçin howa gatnawy we demirýol transporty ugurlarynda işleýän zenanlaryň işden çykarylandygyny habar berdiler.

Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýär. Ýöne bu çäreler täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, ýurtda aýal-gyzlara gönükdirilýän bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как москвичи исполняют заветные мечты детей-сирот


Спорт в России и мире
Москва

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андре Агасси

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Жителям Подмосковья рассказали о лесопожарной обстановке в регионе на 1–3 июня





Путин в России и мире
Москва

Как маленькая страна собралась "ставить на колени" Россию: Станет ли Путин отвечать Эстонии?


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили парад в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Юрий Лоза

Певец Юрий Лоза: «Я свой “Плот” писал год, отбирал по словечку»



Москва

УСЛУГИ: Ремонт поршневых компрессоров скидка -20% на обслуживание!

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net