Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Апрель
2022

"Boýag çalmazlyga söz berýärin ". Býujet işgärlerinden "emeli gözellikden" ýüz öwürmek hakynda dilhaty alynýar

0

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty kosmetiki hyzmatlardan el çekmäge we daş keşbini has gelşikli etmek isleglerden ýüz öwürmäge mejbur etmek üçin görýän köpçülikleýin çäreleriň dowamynda zenanlardan ýazmaça dilhaty talap edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky ýagdaýlar barada gürrüň berýärler.

Mary welaýatynyň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri kosmetiki serişdelerini ulanmazlyk, saçlaryny boýamazlyk, manikýur etmezlik, dar eşik geýmezlik we özüne serenjam bermek üçin goşmaça usullardan saklanmak borjy barada dilhaty bermäge mejbur bolýarlar. Mundan başga-da, dilhatlarda giň köýnek we nagyşly türkmen balagy geýmek borjy görkezilýär.

Şeýlelikde, dilhaty beren döwlet edarasynyň işgäri häkimiýetleriň talaplaryny ýerine ýetirmegi kepil geçýärler we talaplary ilkinji gezek bozan halatynda işden boşadylmagyna razylyk berýärler. Dilhaty gören Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, onuň mazmunynda "talaplary ilkinji gezek bozsam, meni öz islegim boýunça işden aýyrmagyňyzy haýyş edýärin" diýilýär. Talaplaryň berjaý edilmegi, döwlet edaralaryna duýdansyz barýan toparlar tarapyndan barlanýar.

Hususan-da, Marynyň mekdeplerinde inspektorlaryň arasynda prokuratura we sanitariýa gözegçilik edaralarynyň işgärleri bar.

"Mekdebimize duýdansyz gelen prokuratura we sanitariýa gözegçilik edaralarynyň işgärleri sapak wagtynda synp otaglaryna girip, daşky görnüşimizi, okuwçylaryň saçlaryny we dyrnaklaryny gözden geçirdiler. Men durmuşa çykan, ýöne başatgyç dakynmaýaryn, men ýaglyksyz ýöreýärin. Şol sebäpli meni surata düşürdiler, jerime saldylar we düzgün bozma üçin indiki gezek işden boşadyljagym barada duýduryş berdiler"-diýip, adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürleşen Marynyň orta mekdebiniň mugallymy aýdýar.

Başyna ýaglyk atmadyk mugallyma üçin mekdep müdirine-de käýinç berilipdir.

"Men maşgalamda, hatda gaýynenemiň-de başyny örtmeýändigini, maňa-da rugsat bermeýändigini düşündirmäge synanyşdym, hemmämiziň häzirki zaman geýimleri geýýändigimizi aýtdym. Maňa muny bahanalama diýip, jogap berdiler. Başga milletden bolaýsaň-da başyňy ýapmaly, bolmasa çagalara "ahlaksyzlyk" görkezme-de öýüňde gal diýdiler"- diýip, mugallyma gürrüň berdi.

Marynyň mekdep mugallymlarynyň sözlerine görä, başga bir ýagdaýda inspektorlar mugallymyň saçyndan çal saç tapyp, ony surata düşüpdirler. Mugallyma näme etmelidigini soranynda, oňa saç boýamagyň köpçülikleýin gadagan edilýän wagtynda saçyny reňklemek, emma gara boýamak maslahat berilipdir. Şeýle hem şol synpda alty okuwçyda reňklenen dyrnak anyklanypdyr. Olar hem surata düşürildi we ene-atalary mekdebe çagyryldy. Munuň bilen bagly okuw bölüm müdirine hem käýinç berildi.

Geçmişde döwlet işgärleri üçin giň köýnek geýmek, ýaglyk atynmak, keşdeli balak geýmek talaplary 2018-nji ýylyň maý aýynyň başynda ýüze çykypdy.

Şol döwürde Azatlyk Radiosy Daşoguzdaky orta mekdepleriň mugallymlaryndan köýnek, don we balak ýaly birmeňzeş eşik geýmegiň talap edilýändigini habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde, Daşoguz sebitiniň administrasiýasynda prokuraturanyň mugallymlaryň köpçülikleýin arzasy esasynda häkimiň orunbasarynyň "öz ygtyýarlyklaryndan aşa peýdalanmagy" boýunça derňew geçirýändigi mälim bolupdy. Şol ýagdaýda geçirlen ýygnaklaryň birinde häkimiň zenan orunbasary iki mugallymy ýenjipdir, olaryň köýneklerini ýyrtyp, paýyş sözler bilen sögüpdir.

Habarçylaryň sözlerine görä, şu günler köpler aýallaryň daşky görnüşine degişli gapma-garşylykly talaplar sebäpli alasarmyk ýagdaýa düşýärler. Hususan-da, saçyň reňklenmeginiň gadagan edilýän wagtynda, öz tebigy saçy gara bolmadyklar saçyny gara boýamaga mejbur edilýär.

"Tebigy sary saçly okuwçylardan biri orta çykaryldy we tutuş synpyň öňünde öňä käýinç berildi. Ol öz saçynyň reňkiniň tebigydygyny düşündirmäge synanyşdy, boýaga bolan allergiýasy sebäpli başga reňke üýtgedip bilmeýändigini aýtdy. Oňa şeble bolsa, başyna ýaglyk atyp, saçyny ýygnap, gizlemelidigi aýdyldy" - diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Köpçülikleýin barlaglar bilen baglanyşykly mekdep ýolbaşçylary mugallymlar bilen gyssagly ýygnak geçirerler. Edilýän talaplara görä, mundan beýläk mugallymlar geýim talabyny berjaý etmeli, makiýaždan we manikýurdan saklanmaly, şeýle hem okuwçylaryň mekdep eşiklerini geýmegine we dyrnaklaryny reňklemezligine gözegçilik etmeli. Mundan başga-da, mugallymlardan ene-atalar bilen ýygnaklary yzygiderli geçirmek, olara çagalaryň daşky görnüşine bolan talaplary ýetirmek talap edilýär. 

Mekdep okuwçylarynyň köýnekler birmeňzeş tikilmelidir, bu meselede köýnek tikdirmek işi bir ýerde köpçülikleýin amala aşyrylar.

Uç hepde çemesi mundan öň botoksyň we dodak çişirmegiň gadaganlygyndan başlanan bu çäklendirmeler tas ähli kosmetiki hyzmatlar babatyndaky gadagançylyga öwrüldi. Şu günler kärhanalarda we okuw jaýlarynda “tebigy gözelligiň” wagyz-nesihatlary başlandy.

Bu ýagdaýda köp gözellik salonlary işini bes etmäge mejbur boldy. Bu aralykda ussalar hem gazançsyz galyp, gizlin işlemäge synanyşýarlar we yzarlamalara sezewar bolýarlar.

"Saç kesmek we reňklemek, şeýle hem manikýur etmek bilen gazanç edýärdim. Gadaganlykdan soň, işsiz galdym, müşderilerime öýde hyzmat edip başladym. Öýde işe başlanymyň ikinji gününde bir gyzyň saçyny boýap durdym. Şol pursatda polisiýa geldi. Olar meniň ähli gurallarymy elimden alyp gitdi, özümiňem polisiýa bölümine barmagymy talap etdi"-diýip, maryly dellek gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy çalşylandan soň başlanan ilata bu berk gözegçilik, şol sanda "gözellige" gadaganlyk barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň birine görä, köpler gözellik hyzmatlaryna girizilen gadaganlygy ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň konserwatiw garaýyşlary bilen baglanyşdyrýarlar.

"Häzirki wagtda munuň sebäbi Serdaryň 'maşgala babatynda yzagalak" garaýyşlary we emansipasiýanyň islendik görnüşlerine çydamsyzlygy bilen baglanyşdyrylýar" - diýip çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bolup geçýän ýagdaýlar barada Türkmenistanyň resmilerinden resmi görnüşde düşündiriş almak başartmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Благодаря модернизации театры Москвы создают уникальные декорации


Спорт в России и мире
Москва

Более 1 тыс человек стали участниками циркового шествия на выставке «Россия»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Байрактар: Турция и Россия определили дальнейшие шаги по проекту "газового хаба"





Путин в России и мире
Москва

Путин после действий Байдена: в ядерную доктрину России могут быть внесены изменения


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Михаил Кутушов

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду



Москва

«Беспощадный бунт»: Хазин объяснил, что ждёт Путина без масштабной зачистки элиты

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net