Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Март
2022

Ukraina Mariupolda tabyn bolmajagyny aýdýar, Zelenski gepleşik teklibini gaýtalaýar

0
Ukraina Mariupolda tabyn bolmajagyny aýdýar, Zelenski gepleşik teklibini gaýtalaýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, özüniň we beýlekileriň Moskwany uruş jenaýatlarynda aýyplmagyna garamazdan, günortadaky esasy port şäherinde, 21-nji martda uly ewakuasiýa çäreleri bellnen Mariupolda barýan aldym-berdimli köçe söweşleriniň arasynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.

"Men onuň bilen gepleşiklere taýýar" diýip, Zelenski 20-nji martda CNN telekanalyna beren interwýusynda, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan sebäpsiz we giňden ýazgarylan urşunyň dördünji hepdesine giren wagtynda aýtdy.

"Gepleşik geçirmezden, biz bu urşy bes edip bilmeris öýdýärin" diýip, Zelenski terjimeçiniň kömegi bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Eger-de biz üçin bu urşy togtatmaga bary-ýogy 1% mümkinçilik bar bolsa, meniň pikirimçe, biz bu pursatdan..., gepleşik geçirmek mümkinçiliginden, Putin bilen gürleşmek mümkinçiliginden peýdalanmaly” diýip, Zelenski aýtdy.

"Eger-de bu synanyşyklar başa barmasa, bu üçünji jahan urşy diýmegi aňladýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkiýäniň daşary işler ministriniň beren başga bir interwýusynda bolsa, rus we ukrain gepleşikçileriniň "aýgytly" meseleler boýunça ylalaşyga gelýändigi, ýakyn wagtda atyşygyň bes edilmegine umyt baglanýandygy öňe sürüldi.

Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu şu aýyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen onuň ukrain kärdeşi Dmitro Kulebanyň gepleşigini gurnady, ýöne bu gepleşik anyk netije bermedi.

Zelenski CNN bilen strategiki şäher bolan Mariupoldaky söweşleriň ýygjamlaşan wagtynda söhbetdeş boldy. Bu şäherde uruş başlanmazyndan öň 400,000 ilat ýaşaýardy. Şäherden çykyp bilmän galan ýaşaýjylar soňky iki hepdede suw, azyk, ýangyç ýaly iň zerur üpjünçiliklerden hem mahrum boldy.

Russiýa 2014-nji ýylda eýelän Krym sebiti we gündogar Ukrainada Kreml tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçliginde galýan territoriýa bilen arada baglanyşyk gurmak maksady bilen, bu şäheri gyssanmaç ele geçirmäge çalyşýar.

Rus metbugatynyň habaryna görä, rus goşuny 20-nji mart güni giçlik Ukraina 21-nji mart güni ir sagatlara çenli tabyn bolmak wagtyny berendigini aýdypdyr.

Emma Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 21-nji martda irden "bu ýerde tabyn bolmak, ýaraglary taşlamak barasynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Biz bu barada Russiýany bireýýäm habardar etdik" diýdi.

Rus güýçleri Mariupoldaky sungat mekdebini, 400 çemesi adamyň gaçybatalga edinen binasyny bombalandan soň, Zelenski we beýleki ukrain resmileri Moskwany uruş jenaýatlarynda aýypladylar.

Ýerli resmiler 20-nji martda özleriniň Telegram kanalynda mekdebiň binasynyň ýumrulandygyny we adamlaryň harabalygyň aşagynda galan bolmagyny ähtimaldygyny aýtdylar. Mümkin bolan pidalar barada häzirlikçe hiç bir maglumat ýok. 

"Basybalyjylaryň parahatçylykly şäherde eden bu işi terrorçylykdan başga zat däl we geljek asyrlarda hem unudylmaz” diýip, Zelenski 20-nji mart güni irden halka eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Sungat mekdebinden öň rus güýçleri, 16-njy martda Mariupoldaky teatra, asuda adamlaryň pena edinen binasyna howa zarbasyny urdy. Şäher häkimiýetleri bu ýerden 130 adamy halas edendiklerini, ýene bir topar adamyň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň mümkindigini, halas ediş çäreleriniň dowam etdirilýändigini aýtdylar. Biraz öň rus güýçleri şäherdäki bäbekhanany bombalapdy.

Harby däl şäherlere edilen ganly hüjümler baradaky düýpli subutnamalara garamazdan, Russiýa asuda ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

Angliýanyň “Sky News” telekanalynyň Russiýanyň Ukrainada genosid, matlaplaýyn gyrgynçylyk edýändigi ýa-da däldigi baradaky soragyna jogap berende, Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Olha Stefanişina: "Bu sorag däl. Bu biziň hemmämiziň ýüzbe-ýüz bolýan hakykatymyz" diýip jogap berdi.

Şu aralykda Kreml iki ýurduň arasyndaky gepleşiklerde henize çenli uly bir böwsüşiň bolmandygyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskowyň 21-nji martda žurnalistlere aýtmagyna görä, prezident Wladimir Putiniň öz ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen duşuşmagy üçin iki ýurduň arasyndaky gepleşiklerde möhüm öňegidişligiň bolmagy zerur.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Активно укрепляем отношения с Китаем


Спорт в России и мире
Москва

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Российские компании придерживаются собственного подхода в ESG





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

"Звездач": певец Александр Розенбаум проиграл суды на 386 тыс. рублей



Москва

Будет волна холода: снег, ливни с грозами — синоптики сообщают, что аномальная погода подложит свинью с 21 июня

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net