Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Март
2022

Zelenskiý Russiýa 'duşuşmagyň wagty' geldi diýýär; Rus goşunlary Mariupola girýär

0
Zelenskiý Russiýa 'duşuşmagyň wagty' geldi diýýär; Rus goşunlary Mariupola girýär

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň öz ýurduna çozmagyndan üç hepdeden gowrak wagtyň geçmegi bilen Moskwany täze gepleşiklere çagyrdy. Bu Ukrainanyň ähli ýerlerinde söweşleriň barýan wagty we Russiýanyň öz güýçleriň Ukrainanyň günorta-gündogardaky strategiki port şäherine girendigini aýdan wagtyna gabat geldi.

"Bu duşuşmagyň, gürleşmegiň wagty, Ukrainanyň territorial bitewiligini we adalatlylygy dikeltmegiň wagty," -diýip, Zelenskiý 19-njy martda Facebookda ýerleşdirilen wideoda aýtdy we bolmasa, Russiýanyň çekjek zyýanynyň ençeme nesilleriň soň dikelmegine ýol bemejegini diýdurdy.

Russiýanyň Ukraina çozaly bäri üç hepde bäri Moskwanyň güýçleriniň agyr ýitgi çekýändigi habar berilýär.

Zelenskiniň bu sözleri Russiýanyň öz goşun bölümleriniň birnäçe hepde bäri gabaw astynda bolan Azow deňziniň esasy porty bolan Mariupol şäheriniň merkezine girendigini aýdan wagtyna gabat geldi.

Russiýanyň şäheri güýçli bombalamagy, şol sanda ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň gaçybatalgasy bolan teatra zarba urmagy Russiýanyň edýän uruş jenaýatlary bilen bagly aladalary we aýyplamalary güýçlendirdi.

Russiýanyň şäheri güýçli bombalamagy, şol sanda ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň gaçybatalgasy bolan teatra zarba urmagy Russiýanyň uruş jenaýatlary edýändigi baradaky aýyplamalara sebäp boldy.

18-nji martda Zelenskiý teatrdan 130 adamyň halas edilendigini, ýöne ýene-de ýüzlerçe adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny aýtdy.

Kömek işgärleriniň aýtmagyna görä, 350 000 töweregi adam elhenç şertlerde şäheriň içinde galýar.

18-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen bir sagatlyk telefon arkaly söhbetdeşlik wagtynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Mariupoldaky ýagdaýdan "aladalanýandygyny" aýtdy we şäheriň gabawynyň ýatyrylmagyny we halkara hukugynyň berjaý edilmegini isledi.

Kremliň habaryna görä, Putin Kiýewi gündogar Ukrainanyň Moskwa tarapyndan goldanýan separatistler tarapyndan dolandyrylýan sebitlerinde esassyz "söweş jenaýatlarynda" aýyplaýar. Şeýle hem Putin, Moskwanyň Ukrainada parahat ilatyň ölmezligi üçin "mümkin bolan ähli zady" edýändigini öňe sürdi.

19-njy martda Ukraina parahat ilatyň paýtagt Kiýew, Mariupol ýaly ýerlerde barýan söweşlerden gaçyp gutulmak üçin, şeýle-de gündogar Luhansk sebitinde asuda ilaty ewakuasiýa etmek üçin Moskwa bilen şertnama esasynda 10 sany gumanitar koridoryň döredilendigini habar berdi.

Açyk çeşme derňew topary “Bellingcat”, uruş wagtynda Russiýa tarapyndan weýran edilen raýat desgalarynyň interaktiw kartasyny neşir etdi. Bu maglumat parahat ilata zyýan we täsir ýetiren birnäçe ýüz wakanyň wideo we foto materiallaryna esaslanýar.

Russiýanyň çozuşynyň ýurduň köp böleginde öňüniň alnandygy, goşunynyň we harby enjamlarynyň köp ýitgi çekendigi habar berilse-de, halkara güýçleriniň gyssagly ýagdaýda ok atyşlygy bes etmek baradaky çagyryşlaryna garamazdan, rus güýçleri Ukrainanyň şäherlerini bombalamagy dowam etdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň ukrain gullugy rus goşunlarynyň oklaryny gündogar we günorta Ukraina gönükdirýändigini, paýtagt Kiýewiň golaýynda güýjüni jemleýändigini habar berdi.

Gullugyň habaryna görä, sebitleriň köp ýerinde 18-19-njy mart gijesi howa howpy duýduryşlary eşidilipdi, emma ok atyşyk biraz gowşapdyr, emma Mariupol, Gara deňziň günortasyndaky Nikolaýew we separatistleriň saklaýan ýerlerine ýanaşyk gündogar Luhansk we Donetsk sebitlerinde atyşyk has güýçlenipdir.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi, Mariupolyň ýerleşýän Donetsk sebitinde rus harby operasiýalarynyň netijesinde, özüniň Azow deňzine ýoluny "wagtlaýyn" ýitirendigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 19-njy martda Rumyniýanyň demirgazygyndan 150 km uzaklykda we Wengriýadan 250 km uzaklykda ýerleşýän günbatar Iwano-Frankiwsk sebitinde ýarag saklaýan desgany ýok etmek üçin ilkinji gezek Ukrainada täze “Kinžal” gipersonik raketalaryny ulanandygyny mälim etdi. .

Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat Iwano-Frankiwskdäki raketa we ok-däri ammarynyň raketa zarbasynyň urlandygyny tassyklady, ýöne ulanylan raketanyň “Kinžal” bolup, bolmandygynyň entek kesgitlenmändigini “Ukraýinska prawda” gazetine aýtdy.

Şeýle hem Russiýa, kenarýaka raketa ulgamyny, Gara deňiz porty Odessa şäheriniň golaýynda ukrain goşunynyň ulanandygyny aýdýan radio we aňtaw merkezlerini ýok etmek üçin ulanandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Russiýanyň ministrliginiň berýän maglumatlaryny özbaşdak tassyklap bilmedi.

18-nji martda Putin Moskwanyň stadionynda döwlet tarapyndan gurnalan konsertde märekäniň öňünde çykyş etdi, bu ýerden Moskwanyň Ukraina hüjümini delillendirmäge çalyşdy. Habarlarda jemgyýetçilik pudagynyň işgärleriniň köpüsiniň bu çärä gatnaşmaga mejbur edilendigi aýdylýar.

Muňa jogap edip, Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý "Lužniki" stadionynyň öňünde ýygnanan 100 000 adamyň we stadionyň içinde oturan 95 000 adamyň, Ukrainany basyp alan rus goşunlarynyň sanyna takmynan laýyk gelýändigini aýtdy.

Uruş 24-nji fewralda başlaly bäri Ukrainyň çaklamalaryna salgylanyp, Zelenskiý: "Indi on müňlerçe ýaralanan we maýyp adamdan başga-da bu stadionda 14 000 jesedi göz öňüne getiriň" -diýdi.

Zelenskiý "Uruş gutarmaly, Ukrainanyň teklipleri stoluň üstünde" -diýdi.

Ukrain we rus gepleşikçileri iki tarapyň arasyndaky soňky gepleşiklerde öňegidişlik barada habar berdiler.

Ak Tamyň habaryna görä, 18-nji martda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hytaýly kärdeşi Si Szinpine Russiýanyň goňşy Ukraina garşy alyp barýan söweşinde goldawyň berip biljek "netijelerini" mälim edipdir.

Hytaý Russiýany ýazgarmakdan ençeme gezek ýüz öwürdi we Waşington Pekiniň indi Moskwa maliýe we harby goldaw berip biljeginden howatyrlanýar.

Iki sagatlap dowam eden telefon gepleşiginde Baýden "Russiýa Ukrainanyň şäherlerine we parahat ilata garşy rehimsiz hüjümleri amala aşyrýarka, Hytaý Russiýa maddy goldaw berse, netijeleriň nähili boljagyny beýan etdi" - diýlip, Ak Tamyň maglumatynda aýdylýar.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina çozmagy millionlarça raýatyň ýurtdan gaçmagyna sebäp boldy. Polşanyň Serhet gullugy 2 milliondan gowrak bosgunyň Polşa girendigini habar berdi, Birleşen Milletler Guramasy bolsa 3 milliondan gowrak adamyň Ukrainadaky söweşlerden gaçandygyny habar berdi.

Bütindünýä saglyk guramasy Ukrainadaky keselhanalara we saglyk öýlerine edilen 43 hüjümiň, 12 adamyň ölmegine we 34 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

BMG 17-nji martda Ukrainada azyndan 816 parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini we 1333 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

19-njy martda Ukrainanyň Baş prokuraturasy 112 çaganyň ölendigini we 140 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

BMG-nyň adam hukuklary edarasynyň habaryna görä, Ukrainada ölenleriň köpüsi agyr artilleriýadan we köp sanly raketa ulgamlaryndan atylan ok, raketa we howa zarbalary ýaly partlaýjy ýaraglar zerarly heläk bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Парковка на улицах Москвы в День России будет бесплатной


Спорт в России и мире
Москва

В Москве прошёл спортивный праздник для росгвардейцев


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Ольховский

Экс-теннисист Ольховский: российские теннисисты выступили ниже ожиданий


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

На ПМЭФ-2024 Краснодарский край подписал 40 протоколов на 272 млрд рублей





Путин в России и мире
Москва

Путин на следующей неделе встретится с участниками программы «Время Героев»


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Большой театр

Большой театр выступит в Уфе с оперным и балетным гала-концертами



Москва

В «Зоосаде в вотчине Деда Мороза» родились два ягненка камерунских овец

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net