Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Февраль
2022

Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar

0
Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar

Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklaýan karara gol çekdi. Döwlet eýeçiligindäki media bu karary "Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen" düşünidrýär. Emma ýerli synçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen teatrlarynyň berk senzura astynda işlemeli bolýandygyny we netijede köp tomaşaçysyny ýitirendigini aýdýarlar. Şeýle-de, ýurtdaky medeni binalaryň köplenç boş durandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň “Teatr we teatr işi hakynda” kabul eden kanunynda aýdylmagyna görä, teatr we teatr işi babatdaky döwlet syýasaty "ynsanperwerlik, demokratik ýörelgelerine, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň artykmaçlyklaryna, döredijilik erkinligine we teatr sungatynyň umumy elýeterliligine esaslanýar".

Ýöne ýurduň teatrlarynyň düşen ýagdaýy kanunda kepillendirilen döredijilik erkinligi hukuklarynyň we beýleki wadalaryň diňe ýazylan sözler bolup galýandygyny görkezýär. Hususan-da soňky ýyllarda, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy bilen teatr işi bilen meşgullanýan adamlar kyn günleri başdan geçirýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Bu ýagdaý paýtagtdaky teatrlaryň işgärleriniň, eger müşderi tapylsa, az sanly adam üçin hem, tomaşaçy başyna 10 manatdan pul alyp, oýun görkezip başlamagyna alyp geldi.

Eger-de 100 manat töleseler, tapawudy ýok, adamlary teatra işgärleriň girýän gapysyndan hem goýberip bilýärler, teatryň karantin sebäpli ýapylmagy hem päsgel bermeýär, teatryň kollektiwi öz ugurtapyjylygyna görä gün aýlamaga mejbur bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Doly karantin şertlerinde ýüregi gysan paýtagtly ýaşaýjylaryň arasynda medeni dynç alyş küýseýänler hem tapylýar. Olar teatrlara gelýärler, emma olar hemme ýerde ýapyk dur. Onsoň olaryň birnäçesi teatryyň ýeňseki gapysyndan gelip, teatrlaryň haçan açyljakdygy bilen gyzyklandy.

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň dolandyryjysy teatryň haçan açyljagyny sorap gelen raýatlara ondan gowrak adam bolup gelseler, olar üçin teatryň sahnalaşdyran oýunlarynyň bir sahnasynyň görkeziljekdigini aýtdy.

"Bilediň bahasy 10 manat, eger 100 manat töleseňiz, bir adam üçinem oýun görkezip bilerler" diýip, teatryň dolandyryjysy aýtdy.

Teatr resmisiniň gürrüň bermegine görä, karantin döwründe teatrlaryň maliýeleşdirilişi öňküdenem beter gözgyny ýagdaýa düşdi.

Köýen çyralary çalşyrjak bolsaň-da, beýleki käbir zerurlyklar üçin hem, başga çykalga bolmansoň, teatryň artistleriniň jübülerine girmeli bolýar diýip, ol aýtdy.

Býujetden diňe artistlere we dolandyryş hojalyk bölüminiň işgärlerine aýlyk bermäge ýetjek serişde goýberilýär, teatryň hasabyndaky awtobuslar we beýleki awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary bolmasa, uzak işläp bilmeýär. Diňe direktory gatnadýan ýeňil maşyn işleýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen teatr resmisi aýtdy.

Şeýle-de ol, soňky ýyllarda adat bolşy ýaly, medeniýet işgärlerini dürli çärelere gatnaşmaga, şol sanda mejlisiň ýygnanyşyklarynda ýaşulularyň rolunda çykyş etmäge mejbur edýändiklerini gürrüň berdi.

Şeýlelik bilen, döredijilik işinden daşlaşdyrylan, sungata, öz kärine berlen adamlar, eklenç üçin režimiň wagyzçylygy bilen meşgullanmaga mejbur bolýar diýip, Azatlygyň teatrdaky söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçysynyň 2014-nji ýylda tomaşaçysyz türkmen teatrlary hakynda beren maglumatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda 11 sany teatr bolup, olaryň 6-sy Aşgabatda ýerleşýär.

Ýurduň Ahal welaýatyndan başga her bir welaýat merkezinde täze teatrlar guruldy. Olaryň dokuz sanysy drama we sazly teatrlar bolup, galan ikisi-de Çagalar we Ýaş tomaşaçylar teatrlarydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Проект "Давай друЖИТЬ" помогает исполнять заветные мечты детей


Спорт в России и мире
Москва

Источник 360.ru: птенцов придавило тренажером во дворе дома в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Итальянская забастовка: Рублёв, Котов и Самсонова вылетели с «Ролан Гаррос», Потапова обыграла Ван Синьюй


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Победитель Чемпионата по рыбалке на Рыбной неделе получил 1 млн рублей





Путин в России и мире
Москва

Как маленькая страна собралась "ставить на колени" Россию: Станет ли Путин отвечать Эстонии?


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: после «заморозки» конфликт опять вспыхнет


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певица

Певица Пелагея разделила имущество с бывшим мужем



Москва

50 дней без еды. Россиянин выжил после голодовки

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net