Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Февраль
2022

Türkmenler irki saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar, oppozisiýa ýurduň daşynda alternatiw saýlawlary planlaşdyrýar

0
Türkmenler irki saýlawlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýokary hökümet wezipesinden çekilmek islegini aýtmagynyň yz ýany, ýurtda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdiginiň yglan edilmegi ilaty geň galdyrmady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň dürli sebitinden habar berýärler. Bu aralykda, “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri özleriniň ýurduň daşynda prezidentlige dalaşgär hödürläp, alternatiw saýlawlary geçirmegi planlaşdyrýandyklaryny aýdýar.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 12-nji fewralda irden şu ýylyň 12-nji martynda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Bu habar prezident Berdimuhamedowyň Halk maslahatynyň mejlisinde ýokary hökümet wezipesinden çekilmek islegini aýtmagynyň yz ýanyndan peýda boldy.

Ýerli habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň sözlerine görä, ilat Halk Maslahatynyň mejlisinden soň, irki saýlawlaryň geçiriljekdigini öňünden bilýärdi. Şeýle-de, olar bu saýlawda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna getiriljekdiginiň hemmelere mese-mälimdigini hem aýdýarlar.

"Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilen güni adamlaryň arasynda "şu gün saýlawlara ýörelge bolar" diýen gep-gürrüňler köpeldi. Bu saýlawlaryň diňe göz üçin, Serdary häkimiýete getirmek üçin geçirilýändigini hemmeler bilýär. Sebäbi ilat Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda 40 ýaşy dolandan bäri şeýle üýtgeşikligiň bolmagyna garaşýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny sorna lebaply ýaşaýjy 14-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň prezidentligine dalaş etjek türkmen raýatynyň beýleki şertler bilen bir hatarda, ýaşy kyrkdan pes bolmaly däl.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistanda häkimiýetiň prezidentden onuň ogly Serdar Berdimuhamedowa geçiriljekdigi baradaky çaklamalar dyngysyz öňe sürülýär.

"Adamlar bu saýlawlary "Serdaryň saýlawy" diýip atlandyrýarlar we ondan hiç hili gowy zada garaşmaýarlar. Aşgabatlylar indi bu habarlar bilen gyzyklanmaýarlar, sebäbi olar ýurtda hiç zadyň üýtgemejekdigini aýdyp, özleriniň iýjek çöreginiň aladasyny edýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, köp maryly bir aýyň içinde saýlawlaryň geçirilmegine gaty nägile. Olar daşary ýurtlardaky hossarlarynyň, türkmen raýatlarynyň ýurda dolanmagyna mümkinçilik döredilmegini we şondan soň erkin saýlawlaryň geçirilmegini isleýärler.

"Adamlar Berdimuhamedowyň tohumyndan hiç kimiň döwlet başyna geçmegini islemeýär.  Sebäbi olar şol tohumdan biri döwlet başyna geçse, onda ýurduň mundan hem erbet boljakdygyna ynanýarlar" diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýurtda irki saýlawlaryň yglan edilmegi barada düýbi Fransiýada ýerleşýän “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow bilen hem söhbetdeş boldy.

Gurbanow munuň özleri üçin garaşylmadyk waka bolmandygyny aýdyp, saýlawlaryň şeýle gysga wagtda, ýagny dalaşgärleri hasaba almak we olaryň saýlaw kampaniýasy ýaly işleriň ählisiniň diňe bir aýyň içinde geçirilmegi - eýýäm açyk saýlawyň bolmajagyny görkezýär diýdi.

"Ýörite, hiç hili dalaşgär ýetişmez ýaly kandidatlar eýýäm registrasiýa edilip, sanawlar ýapyldy. Oňa başga [dalaşgärler] goşulmaz ýaly hemme zat edildi. Bu saýlaw däl-de, orslaryň diýşi ýaly "naznaçeniýe", ýagny "bellenilşi", "prezident bellenilşi" [bolýar]" diýip, Gurbanow aýtdy.

Galyberse-de, ol Türkmenistanyň prezident saýlawlaryna ýurduň daşynda ýaşaýan türkmenistanlynyň dalaşgär bolmak mümkinçiliginiň hem Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler esasynda gadagan edilendigine ünsi çekýär.

Ýöne muňa garamazdan, ol “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň ýurduň daşynda prezidentlige dalaşgär hödürläp, onlaýn ses berişlik esasynda alternatiw saýlawlary geçirmegi planlaşdyrýandygyny belledi.

"Şu gün ýygnagymyz bar. Hemme aktiwistler bolup, biz demokratik oppozisiýasyndan bir kandidat prezident saýlawlaryna hödürläp, şol dalaşgär hakykatda nähili saýlaw kampaniýasyny alyp barmaly, onuň nähili meýilnamalary bar, hemme zady açyk metbugatda, bütin dünýäde düşündirip, biz alternatiw saýlawlary geçirip, Türkmenistana mysal bolup, bütin dünýä mysal bolup görkezeris we Türkmenistanda saýlawlaryň ýokdugyny subut ederis" diýip, ol belledi.

Gurbanow özleriniň saýlajak wekiliniň Türkmenistanyň häzirki şertlerinde, 12-nji martda geçiriljek saýlawlarda hakyky prezident bolup bilmejekdigine doly düşünýändiklerini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Bütin dünýäde, daşynda galan adamlar bar, içinde galan adamlar bar - biziň aktiwistlerimiz- biz hakyky saýlawlary geçireris we şu zat Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň saýlaw däldiginiň subutnamasy bolar. Biz Internetde, Telegramda, IMO-da, WhatsApp-da, YouTube-da we Facebook-da saýlawlary geçireris. Şol ýerde hemme adam ses berer. Biz olaryň [dalaşgärleriň] içine Serdar Berdimuhamedowy hem goşarys, şol ýerde hakyky saýlawlaryň alternatiwasyny görkezeris" diýip, Gurbanow aýtdy. 

Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň birnäçesi hem, irki saýlawlaryň yglan edilmeginiň özlerini geň galdyrmandygyny aýdyp, häkimiýetleri açyk we demokratiki saýlawlary geçirmäge çagyrdy.

"Köne pasportly adamlaryň ses berip bilmeýändigi barada maglumatlar bar. Bu gaty ýalňyş. Hökümet bu raýatlaryň ses bermegine hökman mümkinçilik döretmeli. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň pandemiýany bahana edip, saýlaw nokatlaryny aýyrjakdygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Bu gaty ýalňyş bolar we bikanun saýlanan prezident bolar" diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин напомнил о бесплатной парковке в Москве в День России 12 июня


Спорт в России и мире
Москва

Более 1 тыс человек стали участниками циркового шествия на выставке «Россия»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве проходит акция по безопасному использованию СИМ





Путин в России и мире
Москва

Путин: в ядерную доктрину РФ могут быть внесены изменения


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Баста

Баста, гастрошоу, блогеры и развлечения: самый полный гид по VK Fest 2024 в Красноярске



Москва

Суд в подмосковной Лобне арестовал обвиняемого в убийстве активиста Еговцева

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net