Rus-Ukrain dartgynlyklarynyň arasynda, Şolz Kiýewe sapar edýär
Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlar sebäpli emele gelen dartgynly ýagdaýy gowşatmak üçin edilýän diplomatik tagallalaryň arasynda, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň 14-nji fewralda prezident Wolodymyr Zelenski bilen Kiýewde duşuşmagyna garaşylýar.
Ukraina saparyndan soň, Şolz 15-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.
“Biz Moskwadan gyssagly ýagdaýda dartgynlygyň gowşadylma alamatlaryna garaşýarys” diýip, Şolz Kiýew şäherine ugranda ýazan twitinde aýtdy we harby hereketiň Russiýa üçin "agyr netijelere" sebäp boljakdygyny belledi.
Şolz 13-nji fewralda NATO agzalarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň eýýäm, Ukrainanyň üstüne çozulan ýagdaýynda, "haýal etmän güýje girizilip bilinjek" berk sanksiýalary "seresaplylyk bilen taýýarlandyklaryny" aýtdy.
Birleşen Ştatlar 13-nji fewralda Ukrainanyň serhediniň golaýynda toplanan rus goşunlarynyň sanynyň, hasaplamalara görä, 100,000-den 130,000-e çenli köpelendigini aýtdy.
Zelenski 13-nji fewralda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefonda gepleşdi.
Ak tamyň 13-nji fewralda geçirilen telefon söhbetdeşligi barada beren maglumatyna görä, iki lider söhbetdeşlik wagtynda "Russiýanyň Ukrainanyň serhedinde görýän harby çärelerine jogap hökmünde diplomatiýa we öňüni alyş" tagallalaryna eýermegiň möhümdigini nygtady.
Baýden özüniň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine ygrarlydygyny gaýtalady we "Russiýa Ukraina garşy agressiýasyny ilerleden" halatynda "çalasyn gaýtawul berjekdigini" aýtdy.
Zelenskiniň edarasy Ukrainanyň prezidentiniň Baýdeni “ýakyn günlerde” Kiýewe gelmäge çagyrandygyny habar berdi.
"Men siziň öňümizdäki günlerde Kiýewe boljak saparyňyzyň güýçli yşarat boljakdygyna we ýagdaýy durnuklaşdyrmaga kömek etjekdigine ynanýaryn" diýip, prezident edarasy Zelenskiniň sözlerine salgylanyp aýtdy.
Telefon söhbetdeşligi Günbatar döwletleriniň Putini telefonda dartgynlygy gowşatmaga çagyryp, Moskwanyň öz goňşusyna garşy harby çäre görmek ähtimallygy bardaky aladalar arasynda, birnäçe ýurduň öz raýatlaryna Ukrainany terk etmegi buýran wagtyna gabat geldi.
Kiýew 13-nji fewralda Russiýa we Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bilen bilelikde, 48 sagadyň dowamynda Wena resminamasynyň (VD11) çäginde Russiýanyň harby güýç toplamagyny ara allyp maslahatlaşmak üçin gepleşik geçirmek isleýändigini aýtdy.