Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara nägilelik çykyşlaryna gatnaşmazlygy duýdurýar

0
Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara nägilelik çykyşlaryna gatnaşmazlygy duýdurýar

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimiýetleri daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlaryna ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada nobatdaky gezek duýduryş berdi. Şeýle-de, sebitde we Daşoguz welaýatynyň käbir territoriýalarynda VPN ulgamlary çäklendirildi. Bu çäklendirme we duýduryş goňşy Gazagystanda ulag ýangyjynyň ýokarlanmagy sebäpli dörän protestleriň ýurduň çar künjegindäki şäherlere ýaýran mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde Baýramalynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp başladylar.

"Olar jemi üç adam bolup, 2-nji ýanwardan bäri öýlere aýlanýarlar. Olaryň ikisi raýat geýimli we ýene biri özüne degişli geňeşligiň, ýagny obanyň polisiýa edarasynyň leýtenanty bolup, raýat geýimlileriň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň (MHM) ýa-da Migrasiýa gullugynyň işgärleridigi çaklanylýar" diýip, ogly daşary ýurtlaryň birinde okaýan we işleýän, efirde adynyň tutulmazlygyny soran baýramalyly ýaşaýjy 6-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan birnäçe baýramalyly maşgalanyň sözlerine görä, kanun goraýjylar raýatlara daşary ýurtlardaky hossarlarynyň garşylyk toparlaryna goşulmazlygyny berk tabşyrýarlar.

"Olar "watanymyza garşy gidýän adamlar köpeldi. Daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän dogan-garyndaşlaryňyza berk tabşyryň, şol adamlara goşulaýmasynlar, nägilelik çykyşlaryna gatnaşmasynlar" hem diýdiler" diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Baýramaly etrap polisiýasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige äşgär etmeýär. Ýöne Azatlygyň çeşmelerine görä, diňe 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli 10 ýylyň içinde tas 2 million adam Türkmenistandan çykyp gidipdir.

Güýçli ykdysady krizis sebäpli yzygiderli ýaramazlaşýan durmuş derejesi müňlerçe türkmenistanlyny daşary ýurtlarda iş gözlemäge ýa-da ýurdy hemişelik terk etmäge mejbur edýär.

Bu aralykda, habarçymyz sebitde we Daşoguzdaky çeşmelerine salgylanyp, ýurduň demirgazyk welaýatynyň käbir territoriýalarynda VPN ulgamlarynyň işlemeýändigini habar berýär.

"Etrapda VPN ussalary hem, häzir bu ulgama birikdirip bilmeýärler. Olar "raýatlar YouTube we beýleki ýapyk saýtlara girmez ýaly", munuň hökümet tarapyndan böwetlenýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.

Türkmen häkimiýetleriniň VPN ulgamyny çäklendirmegi we daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlaryna duýduryş bermegi barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda-da ençeme gezek habar beripdi.

Geçen ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri we Lebap welaýatynyň ýerli polisiýa işgärleri Farap etrabynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlary bilen ýygnak geçirip, ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada duýduryş beripdi.

2020-nji ýylyň iýulynda bolsa, häkimiýetler Lebapda we Daşoguzda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hossarlary bilen ýygnak geçirip, olaryň garşylyga goşulmazlygy barada duýdurdylar we protest hereketlerine goşulan adamlaryň “dönük bolup” jeza çekjekdigini aýtdylar.

Bu duýduryşlar ABŞ-da, Türkiýede, Kiprde we Fransiýada türkmenistanlylaryň onlarçasynyň protest çärelerini geçirmeginiň ýa-da Internetde çykyş etmeginiň yz ýanyna gabat gelipdi. Şonda türkmenistanlylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirip, onuň işden çekilmegine çagyryş edipdiler.

Azatlyga türkmen häkimiýetleriniň häzirki duýduryşlaryna nämäniň itergi berendigini anyklamak, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, bu barada ýerli häkimiýetlerden kommentariýa almak başartmady.

Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan harby ofiser häkimiýetleriň duýduryşynyň we VPN-niň çäklendirilmeginiň goňşy Gazagystanda dörän köpçülikleýin protestler bilen baglydygyny aýdýar.

"Biziňkiler (häkimiýetler) sähel depeden guş uçup geçse-de, şübheli bolýarlar. Geçen ýyl daşary ýurtlardaky türkmenleriň protestleri artanda-da, bize, ýagny harby ofiserlere "taýýarlyk derejesinde" bolmagy berk tabşyrdylar" diýip, harby ofiser aýtdy.

Gazagystandaky protestler dört gün mundan ozal, nebite baý ýurduň günbatar Mangystau sebitinde ilatyň köp ulanýan ulag ýangyjynyň, suwuklandyrylan nebit gazynyň (LPG) bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli döredi we, syýasy nägilelikleri hem öz içine alyp, Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlere we şäherçelere ýaýrady.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: 15 июня начинается самый масштабный сезон фестиваля «Усадьбы Москвы»


Спорт в России и мире
Москва

Зампредседателя Совета министров РСФСР Валерий Сайкин умер на 87-м году жизни


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Ольховский

Экс-теннисист Ольховский: Рублев не успел набрать форму на "Ролан Гаррос"


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Летние переключения тепловых нагрузок в Москве позволят сократить выбросы парниковых газов на 250 тысяч тонн





Путин в России и мире
Москва

Путин на следующей неделе встретится с участниками программы «Время Героев»


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Филипп Киркоров

«У него и так всё получится». Филипп Киркоров отказался поддерживать Даву в финале шоу «Сокровища императора»



Москва

Мурашко: результаты доклинических испытаний вакцины от рака появятся в 2024 г.

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net