Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Июль
2021

Aşgabatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşdi

0
Aşgabatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşdi

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň arasynda, Aşgabadyň bankomatlarynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobatlarda duran raýatlar, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi sebäpli, pensiýa we zähmet haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän "Halkbankyň" arka tarapyndaky gapysynyň öňünde ilat irden sagat 5-de nobata durup başlaýar. Bu ýerdäki bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duranlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär.

"Raýatlary diňe bankyň arka tarapyndaky gapysyndan salýarlar. Her gezekde diňe 5 adam pul nagtlaşdyryp bilýär. Nobatlary gizlemek üçin bu usuldan peýdalanýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Ogulsapar diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz Aba Annaýew köçesinde ýerleşýän bankomatdan pul nagtlaşdyrmaga baran raýatlaryň nobatyny "Leniniň mawzoleýine" zyýarata baran adamlaryň nobatyna meňzedýär.

Ol ilatyň pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklarynyň eýýäm köp wagt bäri dowam edýändigini, ýöne şu aý has-da ýitileşendigini hem belleýär.

"Şu wagt aýyň ortasy bolsa-da, aýyň başynda pensiýa haklaryny alyp, heniz hem nagtlaşdyryp bilmeýän pensionerler bar. Şeýle-de, geçen aý zähmet hakyny alan býujet işgärleriniň hem köpüsi aýlyklaryny heniz nagtlaşdyryp bilmeýär" diýip, Ogulsapar gürrüň berdi.

Habarçymyz pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň has-da ýaramazlaşmagynyň sebäplerini birinjiden, bankomatlarda nagt puluň azlygy, ikinjiden, şäherdäki bankomatlaryň sanynyň barha azaldylmagy bilen düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, il içinde rus bazar diýlip atlandyrylýan "Gülüstan" söwda merkezindäki bankomatlaryň tas ählisi aýryldy. Häzirki wagtda bazaryň içinde diňe bir bankomat bar.

"Şeýle-de, bankomatlary söwda merkezleriniň törüne geçirýärler. Häkimiýetler muny ýüzlerçe adamdan ybarat pul nobatlaryny ýaşyrmak üçin edýärler" diýip, Ogulsapar aýtdy.

Habarçymyz bankomatlaryň her birine günde näçe möçberde manat goýulýandygy barada maglumatyň ýokdugyny, ýöne olardaky serişdäniň köplenç bir sagada galman gutarýandygyny belleýär.

"Pul gutarsa, nobatdaky adamlar hem dessine dargaýar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Merjen diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistan soňky ýedi ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda, adamlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenmegini ýola goýdy. Muňa laýykda, raýatlar pullaryny öz plastik bank kartlary esasynda diňe bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler. 

2016-njy ýyldan bäri Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Şondan bäri Azatlygyň habarçylary türkmen raýatlarynyň manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada yzygiderli habar berýärler. 

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýarlar we nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş hem bermeýärler. Muňa derek häkimiýetler bankomat nobatlaryny ýaşyryp, bu baradaky habarlara garşy göreşýärler.

Bu aralykda, pensiýa haklary nagt görnüşinde öýlere eltilip berilýän aşgabatly pensionerleriň ençemesi özlerine getirilýän kagyz pullaryň gaty köne we ýyrtykdygyny aýdyp, şikaýat edýärler.

"Köne we ýyrtylan pullary köplenç dükanlarda-da almak islemeýärler" diýip, aşgabatly bir pensioner anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi. Azatlyga mundan ozal mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistanda ýaşy 70-den geçen raýatlar pensiýa haklarynyň nagt görnüşinde öýlerine getirilmek mümkinçiligine eýedir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака


Спорт в России и мире
Москва

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Джокович выступит на турнире АТР по уайлд-кард в третий раз в карьере


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Тело пропавшей два дня назад школьницы нашли на востоке Москвы





Путин в России и мире
Москва

Алексей Бобровский: санкции США против Китая окончательно фрагментируют мировую экономику


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Независимая политика Венгрии привела в ярость США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Юрий Лоза

Лоза заявил, что Галкин* и Пугачева за границей «считают каждую копейку»



Москва

Фитотерапевт Корсун рассказала о пользе одуванчиков

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net