Gazagystan Orsýetiň Sputnik-V waksinasyny öndürip başlaýar
![Gazagystan Orsýetiň Sputnik-V waksinasyny öndürip başlaýar](https://gdb.rferl.org/8346784c-0089-4173-ae52-9bb741f2f2cd_w800_h450.jpg)
Gazagystan koronawirusa garşy Orsýetde döredilen Sputnik-V waksinasyny öndürip başlandygyny we indiki ýylyň başynda köpçülikleýin sanjymlary edip başlamagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.
Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin 21-nji dekabrda merkezi Garagandy şäherindäki derman öndüriji kompleksinde Sputnik-V waksinasynyň önümçiligini resmi taýdan açdy.
Hökümetiň metbugat gullugy Gazagystanyň köpçülikleýin waksina planynyň 2021-nji ýylyň fewral aýynda durmuşa geçirilip başlanjakdygyny, ilkinji nobatda saglygy saklaýyş işgärleri, mugallymlar, talyplar, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we has töwekgelçilikli toparlara wekilçilik edýän adamlar üçin niýetlenýändigini aýtdy. Ol sanjymlaryň meýletin boljagyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Orsýetde saglygy saklaýyş işgärlerine we beýleki töwekgelçilikli toparlara eýýäm berlen waksina entek Ýewropa Bileleşiginiň derman serişdelerini düzgünleşdiriji edaralary tarapyndan baha berilmedi.
21-nji dekabra çenli Gazagystanda koronawirus bilen kesellänleriň sany 147 236 adam, şol sanda 2,147 adam öldi.