Balkanda gaçan tussagyň 'güýçlendirilen gözlegi' dowam edýär
![Balkanda gaçan tussagyň 'güýçlendirilen gözlegi' dowam edýär](https://gdb.rferl.org/A2CAFFC6-27DC-4F3A-A55E-497BB8D9DF5B_w800_h450.jpg)
Türkmenistanyň Balkan sebitinde türmeden gaçan tussag sebäpli güýçlendirilen polisiýa gözegçiligi dowam edýär diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.
Gözlenýän adamyň haçan we haýsy türmeden gaçandygy belli däl, ýöne neşir, öz çeşmelerine salgylanyp, awtoulag ýollarynda goşmaça barlag nokatlarynyň döredilendigini, ýolagçylaryň pasportlarynyň we awtoulaglaryň berk barlanýandygyny habar berýär.
Türkmenbaşyden Garabogaza barýan awtoulag ýolunda häzir ozal bar bolan iki barlag nokadynyň üstüne goşmaça iki barlag nokady goşuldy, olarda esgerler nobatçylyk çekýär, ozal bu ýoldaky ýolagçylyk 2, 2,5 sagat wagt alan bolsa, indi dört sagatdan az wagt almaýar diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, neşiriň çeşmesi barlag nokatlarynyň birinde gözlenýän tussagyň fotosuratyny görendigini habar berdi.
“Turkmen.news” ozal ýerli polisiýa işgärleriniň Türkmenbaşydaky öýlere aýlanyp, gaçan tussagyň suratyny görkezýändigini habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri bu habara hiç bir düşündiriş bermedi.