Polisiýa maskasyzlary ‘awlaýar’, adamlarda birek-birege raýdaşlyk artýar
![Polisiýa maskasyzlary ‘awlaýar’, adamlarda birek-birege raýdaşlyk artýar](https://gdb.rferl.org/ab035be5-9ad3-4e87-aad0-c697eac0972c_cx0_cy28_cw100_w800_h450.jpg)
Türkmenistanda maska režimine gözegçiligiň güýçlendirilmegi bilen, polisiýa maskasyz raýatlary ýüze çykarmak boýunça – Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklaýyşy ýaly – entek görlüp-eşidilmedik derejedäki hilelere baş goşup başlady. Häkimiýetleriň bu hereketleri raýatlaryň arasynda nägilelikleri döretmek bilen bir hatarda, birek-birege raýdaşlyk bildirmek ýaly başlangyçlary hem güýçlendirdi.