Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Декабрь
2020

Belarusyň Lukaşenkasy Olimpiýa gadagançylygyndan soň, Halkara Olimpiýa komitetini “garakçylar topary” atlandyrdy

0
Belarusyň Lukaşenkasy Olimpiýa gadagançylygyndan soň, Halkara Olimpiýa komitetini “garakçylar topary” atlandyrdy

Belarusyň diýdimzory Alýaksandr Lukaşenka jedelli prezident saýlawlarynyň yzýany protestçilere garşy ýowuz basyp ýatyrmalaryň arasynda özüne garşy wagtlaýyn girizilen, hem-de ony öňümizdäki ýyl Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan mahrum edip biljek gadagançylykdan soň, Halkara Olimpiýa komitetini (HOK) “garakçylar topary” atlandyrdy.

“Biz kazyýete ýüz tutmaly. Goý, [Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas] Bah we onuň garakçylar topary meniň etmişimiň nämedigini maňa aýtsyn! Meniň öz ýurdumy goramagymmy?” diýip, BelTA döwlet habarlar agentligi 8-nji dekabrda Lukaşenkanyň sözlerini sitirledi.

Bu sözler Halkara Olimpiýa komitetiniň Lukaşenka we onuň ogly Wiktara hem-de beýleki bir ýokary derejeli resmi adama garşy wagtlaýyn gadagançylyk girizýändigini, şeýle-de Belarusyň Milli Olimpiýa komitetine berýän maliýe töleglerini kesýändigini yglan etmeginiň ertesi gününe gabat geldi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşi bu karary kabul etdi, sebäbi “Belarusyň Milli Olimpiýa komitetiniň häzirki ýolbaşçylary belarus türgenlerini Milli Olimpiýa komitetindäki, olaryň agza bolan sport federasiýalaryndaky ýa-da sport hereketlerindäki syýasy diskriminasiýalardan, ýekirmelerden ýerlikli goramady” diýip, düýbi Lozannada ýerleşýän gurama aýtdy.

“Bu Olimpiýa Hartiýasynyň esasy ýörelgelerine ters gelýär we şonuň üçin Olimpiýa Hereketiniň abraýyna çynlakaý täsir edýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

23 ýyl bäri Belarusyň Milli Olimpiýa Komitetine ýolbaşçylyk eden Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen saýlawyň yzýany özüniň altynjy möhlete prezidentlige saýlanandygyny öňe sürdi. Oppozisiýa we Günbatar bu saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Saýlawdan bäri Belarusda Lukaşenkanyň işden çekilmegini, ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny we täze saýlawyň geçirilmegini talap edýän protestler her gün diýen ýaly geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasyna görä, howpsuzlyk güýçleri 27 müňden gowrak adamy tussag edip, protest hereketini ýowuz basyp ýatyrýar. Gynamalar, ýowuz daramalar we birnäçe adamyň ölendigi barada ynamdar maglumatlar hem bar.

Bu aralykda, oppozisiýa liderleriniň köpüsi ýa tussag edildi, ýa-da sürgüne mejbur edildi. Ençeme belarus türgenleri syýasy ýekirmelere we meşhur sport türgenleriniň häkimiýetler tarapyndan türmä basylmagyna salgylanyp, Halkara Olimpiýa komitetini gyssagly herekete geçmäge çagyrdy.

Belarusyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy Dzmitry Baskau bilen bir hatarda Lukaşenkanyň ogly Wiktara-da Milli Olimpiýa komitetiniň ilkinji wise-prezidenti hökmünde Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan wagtlaýyn gadagançylyk girizildi.

Halkara Olimpiýa komiteti Belarusyň Milli Olimpiýa komitetine berýän “ähli maliýe töleglerini” hem togtatdy. Ýöne geljek ýyla geçirilen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna hem-de 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Gyşky oýunlara taýýarlanýan belarus türgenlerine, olaryň gös-göni özlerine ýardam pullaryny geçirmek arkaly, maliýe kömegini bermäge dowam eder.

Soňky gadagançylyk belarus türgenleriniň öz baýdaklarynyň we döwlet senalarynyň astynda ykrar edilen milli topar hökmünde oýunlara gatnaşmak hukugyna täsir etmeýär diýip, beýanat aýtdy.

Ýöne ýurduň 2021-nji ýylda Buz hokgeýi boýunça dünýä çempionatyna egindeş beýemçilik statusyna howp abanýar. HOK özüniň bu meselä seredýändigini aýdýar.

Bah guramanyň ýerine ýetiriji geňeşiniň geçirjek ýygnagyndan soň, Halkara Hokgeý federasiýasy öňümizdäki günlerde Belarusyň beýemçilik roluny maslahat eder diýdi.

Geçen aý egindeş beýemçi Latwiýa Belarusyň Buz hokgeýi federasiýasynyň başlygyny gara sanawa aldy. Baltik ýurt öz goňşusynyň ýaryşlara egindeş beýemçilik etmeginiň öňüni baglamaga çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о новом вольере для снежных барсов в Московском зоопарке


Спорт в России и мире
Москва

Рок-версия гимна Белогорска прозвучала на масштабном рок-н-мобе


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Собянин рассказал, как электробусы помогают улучшать экологическую ситуацию





Путин в России и мире
Москва

Эрдоган рассказал о переговорах Фидана и Путина на тему выборов в курдских районах в Сирии


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певица

Певица Нюша опубликовала фото в купальнике на пляже



Москва

Олимпийский чемпион Алексей Немов восхитился уровнем организации Игр БРИКС

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net