Belarusyň Lukaşenkasy Olimpiýa oýunlaryndan mahrum edildi
![Belarusyň Lukaşenkasy Olimpiýa oýunlaryndan mahrum edildi](https://gdb.rferl.org/E42CB0EA-6D1B-416D-9854-74805DD74132_w800_h450.jpg)
Halkara Olimpiýa Komiteti (IOC), Belarusda geçirilen jedelli prezident saýlawlarynyň yzýany demonstrantlara garşy gazaply basyşlaryň amala aşyrylýan wagtynda, diýdimzor Alyaksandr Lukaşenkanyň we ogly Wiktaryň ähli olimpiýa çärelerine, şol sanda geljek ýyl Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagynyň gadagan edilendigini aýdýar.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşi “[Belarusyň] häzirki Milli Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylygy belarus sportsmenlerini Milli Olimpiýa Komitetiniň içinde, oňa agza sport federasiýalarynda ýa-da sport hereketlerinde syýasy diskriminasiýadan ýerlikli goramady” diýip, bu baradaky karary 7-nji dekabrda kabul etdi.
“Bu Olimpiýa Hartiýasynyň esasy ýörelgelerine ters gelýär we şonuň üçin Olimpiýa Hereketiniň abraýyna çynlakaý täsir edýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.
23 ýyl bäri Belarusyň Milli Olimpiýa Komitetine ýolbaşçylyk eden Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen saýlawyň yzýany özüniň altynjy möhlete prezidentlige saýlanandygyny öňe sürdi. Oppozisiýa we Günbatar bu saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýdýar.
Saýlawdan bäri Belarusda Lukaşenkanyň işinden çekilmegini, ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny we täze saýlawyň geçirilmegini talap edýän protestler her gün diýen ýaly geçirilýär.