Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Декабрь
2020

Bir hepdede gara bazarda manat 10% hümmetsizlendi, milli pula ‘ynam gaçýar’

0
Bir hepdede gara bazarda manat 10% hümmetsizlendi, milli pula ‘ynam gaçýar’

Türkmenistanda gara bazarda dollaryň nyrhy günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirip, diňe soňky bir hepdäniň içinde manat 10% hümmetsizlendi. Munuň netijesinde, ilat arasynda milli pul birligine bolan ynamyň gaçýandygy, hat-da adaty harytlaryň hem dollarda bahalanyp başlanandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň tas ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem gara bazarda şu hepdäniň başynda 27 manatdan bahalanan dollaryň nyrhy 28,60 manada ýokarlandy. Bellesek, mundan iki hepde ozal bir dollaryň nyrhy 23 manada deňdi.

Gara bazarda dollaryň hökümetiň kesgitlän resmi 3,5 manat kursundan sekiz esseden hem aşa göterilmegi – aglaba harytlaryň gymmatlamagyna sebäp bolmagy bilen birlikde, günübirin söwda gatnaşyklaryna hem öz oňaýsyz täsirini ýetirdi.

“Dollaryň dowamly galmagy we bahalaryň günaşa üýtgäp durmagy sebäpli adamlar pullaryny türkmen manadyna derek, dollarda saklanyny makul görýärler. Dollaryň galmagy bilen ozal ilatyň, şol sanda kiçi we orta telekeçileriň arasynda giňden ulanylan gysga möhletlik karz bermek tejribesi hem ýatdy. Häzirki wagtda bir harydy aljak bolsaňam nagt pul bolmasa, lomaýçylar ozalkylary ýaly söwda nokatlaryna karzyna haryt bermek islemeýärler” diýip, türkmenabatly telekeçileriň biri Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna gürrüň berdi.

 

“Häzirki wagtda biziň haryt alýan ýerimiz bize karzyna bermeýär. Haryt almak üçin bize nagt gerek bolýar. Şol sebäpden özümiz hem öňünden pul geçirilmese, öňküler ýaly karzyna işlemegimizi bes etdik” diýip, telekeçi sözüne goşdy.

Mundan başga-da, lomaý söwda edýänler öňünden ylalaşylan bahanyň eýýäm ertirki güni üýtgäp biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle-de dollaryň gara bazardaky nyrhyna laýyklykda, her gün irden harytlarynyň täze bahalaryny yglan edýärler. Muňa çykalga hökmünde, lomaýçylar hasaplaşygyň dollarda geçirilmegini sorap başladylar.

“Biz harytlarymyzy daşary ýurtlardan getirýäris. Eger-de girdeji görjek bolsak ýa-da ýene haryt getirmegimizi dowam etdirjek bolsak, muny etmäge mejbur bolýarys. Munuň söwdamyza, beýleki telekeçiler bilen özara gatnaşygymyza ýaramaz täsir edýändigine garamazdan, aýak üstünde saklanmak üçin etmäge borçly” diýip, daşary ýurtdan haryt getirýän lomaýçylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Munuň bilen bir hatarda, hususy söwdadaky, diňe bir daşary ýurtdan getirilen däl, eýse Türkmenistanyň öz içinde öndürilen harytlaryň bahalary hem dowamly gymmatlaýar. Munuň has hem köp gurluşyk harytlarynyň, ulaglaryň ätiýaç şaýlarynyň, azyk önümleriniň bahalarynda ýiti duýulýandygy bellenilýär.

Galyberse-de, bazar ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy baradaky maglumaty Azatlygyň beýleki sebitlerdäki we Aşgabatdaky habarçylary hem tassyk edýärler.

Türkmen häkimiýetleri we Merkezi Banky ýurtda eýýäm ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän dollaryň iki kursy, onuň ykdysadyýete, şeýle-de adamlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Azatlygyň hem bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan walýutaçylar ýylyň aýagyna çenli dollaryň 30-35 manada çenli hem göterilip biljekdigini duýdurýarlar.

Dollaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň daşary ýurtlardaky bilim alýan studentlere hem pul ugratmak mümkinçiliklerine goşmaça kynçylyklary döredýändigi bellenilýär. Häzirki wagtda türkmen banklary arkaly studentlere pul ibermek - Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlara walýutanyň resmi kursundan pul ibermeginiň ýeke-täk usullarynyň bir bolup galýar. Emma türkmenistanlylar munuň bilen bagly ýurduň​ içinde we daş​ynda dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Активно укрепляем отношения с Китаем


Спорт в России и мире
Москва

Военно-спортивный фестиваль Росгвардии в «Лужниках» собрал более 20 000 москвичей и гостей столицы


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Теннисисты Медведев и Рублев сохранили позиции в рейтинге ATP


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Бизнес-омбудсмен Москвы оказывает поддержку НМСП





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Валерий Гергиев

Про царя в голове: Гергиев привез в «Большой» «Ивана Сусанина»



Москва

В России подешевели новейшие кроссоверы Zeekr X

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net