Mara baran komissiýa yzyna gaýdansoň, zenan mugallymlara degişli täze çäklendirmeler girizildi
![Mara baran komissiýa yzyna gaýdansoň, zenan mugallymlara degişli täze çäklendirmeler girizildi](https://gdb.rferl.org/4C3C3D88-9EB2-477F-8870-A8F5F2343552_cx17_cy31_cw52_w800_h450.jpg)
Mara Aşgabatdan ugradylan ýörite barlag komissiýa yzyna gaýdansoň, wagtlaýyn mekdep müdirleri wezipesinden boşadyldy. Zenan mugallymlaryň daşky keşbine degişli täze çäklendirmeler girizilip, öňden bar bolan gadaganlyklar pugtalandyryldy. Şeýle-de, okuwçylardan mekdebe ýörite derman gutularyny eltmek baradaky talaplar hem güýçlendirildi.