Prezidentiň açan täze peç toplumynda 122,5 kg neşe maddasy ýakyldy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi diýip, TDH 2-nji dekabrda habar berdi.
Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2020-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.
Döwlet TW-si prezidentiň paýtagtdan 100 kilometre golaý demirgazykda gurlan toplumy açandygyny, onda ýapyk we açyk görnüşli peçleriň 3-siniň bardygyny aýdýar.
Döwlet baştutany mejlisi açanda täze açylan peç toplumynda neşe serişdeleriniň 122,5 kilogramdan gowragynyň ýakylyp, ýok edilendigini nygtady. Ýöne ol neşe maddalarynyň haçan we nirede tutulandygyny anyklaşdyrmady.
Türkmenistanda her ýyl tutulan neşe maddalarynyň ýakylyşy görkezilýär, emma neşe gaçakçylygynyň ýagdaýy barada habar berilmeýär.