Owgan hüjümlerinde 30-dan gowrak adam öldürildi, onlarça adam ýaralandy
Owganystanyň gündogaryndaky Gazni welaýatynda ýerleşýän harby bazada janyndan geçeniň ulagly bomba hüjüminde azyndan 30 howpsuzlyk işgäri öldi diýip, resmiler aýtdylar.
29-njy noýabrda Gazniniň 3-nji etrabyndaky harby bazanyň girelgesinde, sagat 8 töweregi bolan partlamada azyndan 24 adam ýaralandy.
Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili awtoulagly bomba hüjüminiň bolandygyny tassyklady, ýöne ölenler barada maglumat berip bilmedi.
Häzirlikçe hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.
Soňky aýlarda Gazni welaýatynda owgan howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda yzygiderli çaknyşyk bolýar. Sebitdäki 19 etrabyň 10 çemsi häzir Talybanyň gözegçiliginde saklanýar.
“Talyban” söweşijileri 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazni şäherine garşy gazaply hüjüm edip, ýüzlerçe esgeriň, söweşijiniň we parahat ilatyň ölmegine sebäp boldy.
Mundan başga, 29-njy noýabrda janyndan geçen bir hüjümçi Owganystanyň günortasyndaky Zubal welaýat geňeşiniň ulag kerwenine hüjüm edip, azyndan üç adamyň ölmegine we 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Welaýat başlygy Attajan Hakbaýat hüjümde ýeňil ýaralanyp, aman galdy.