Hytaýyň prezidenti Si Jingping Baýdeni prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Hytaýyň prezidenti Si Jingping ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jo Baýdeni 3-nji noýabr prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady.
Hytaýyň döwlet mediasynyň 25-nji noýabrda habar bermegine görä, Si Baýdene ugradan gutlagynda ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň “iki ýurduň bähbitlerine we halkara jemgyýetçiliginiň umumy isleglerine laýyklykda mundan-da beýläk ösdürilmegine” umyt bildirdi.
Şeýle-de, habarlarda Hytaýyň wise-prezidenti Wang Kişanyň hem Kamala Harrisi wise-prezident wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlandygy habar berildi.
Mundan ozal, Hytaýyň Daşary işler ministrligi Baýdeni eýýäm gutlapdy, ýöne Tramp ýurt boýunça kazyýetlerde saýlaw netijelerine garşy çykyp, ýeňlişi kabul etmekden ýüz öwürýän mahaly, Si Baýdeni gutlamakdan saklanypdy.
Siniň gutlagy Trampyň häkimiýeti saýlanan prezident Jo Baýdene resmi taýdan geçirmek işini berjaý etmäge başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Tramp saýlaw ýeňlişini kabul etmekden boýun towlasa-da, onuň administrasiýasy 23-nji noýabrda häkimiýetiň Baýdene geçirilmegine resmi taýdan ygtyýar berdi. Munuň bilen, saýlanan prezidente gizlin maglumatlaryň berilmegine we onuň federal resmiler bilen duşuşmak mümkinçiligine ýol açyldy.