123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2020

Baýden tas ýarym-asyrlyk karýerasynyň netijesinde Ak Tama ýeňiş gazandy

0
 


Jo Baýden “milletiň ruhy ugrundaky göreş” diýip atlandyran çekeleşikli saýlawlarda prezident Donald Trampy ýeňmegi bilen, otuz ýyl çemesi göz öňünde tutan maksadyna ýetdi.


Demokratik partiýadan dalaş eden, iki möhlet wise-prezident we Delaware ştatyndan uzak wagtlap senator bolan Jo Baýden ABŞ-nyň nobatdaky prezidenti bolmak üçin 7-nji noýabrda ýeterlik elektoral sesleri aldy.


"Amerika, bu ýurdy dolandyrmak üçin meni saýlap almagyňyz meniň üçin uly mertebe" diýip, Baýden Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. "Öňümizde edilmeli kyn işler bar, emma men size şuny söz berýärin: Men ähli amerikalynyň prezidenti bolaryn - maňa ses berenlere, hem bermediklere".




 


Baýden möhüm ştatlarda kiçi aratapawut bilen öňe saýlandy. Emma ýurt boýunça ol Trampdan 4 milliona golaý köp ses almagy başardy.


Tramp ýeňlişini ykrar etmejekdigini , saýlawyň netijelerini sudda şikaýat etjekdigini aýtdy. Saýlaw netijeleri ähli ştatlarda tassyk edilse we Trampyň ýuridiki göreşi netije bermese, Baýdeniň we saýlanan wise-prezident Kamala Harrisiň innagurasiýa dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçer.


Jo Baýdeniň 20-nji noýabrda 78 ýaşy dolýar, şeýle-de ol ABŞ-nyň taryhynda prezident saýlanan iň ýaşuly adam bolar. Ol saýlaw kampaniýasy döwri milleti jebisleşdirmek, koronawirusyň ýaýramak gerimini gowşatmak, ýaranlar bilen baglary ýaňadandan gurmak, şeýle-de Trampyň häkimiýet başyndaky “tas ähli çäreleri” sebäpli ýurduň gowşan “ygytbarly we täsirli” abraýyny täzeden dikeltmek wadalaryny berdi.




“Men bu ýurdy bilýärin. Men adamlarymyzy bilýärin. Men bu milleti nähili jebislendirmegi we oňa nädip şypa bermelidigini bilýärin” diýip, Baýden 27-nji oktýabrda günortadaky Jorjiýa ştatynda geçen ýörişde tarapdarlaryna ýüzlendi.


Bu onuň öňünde keserip duran çynlakaý iş.


Baýden 20-nji ýanwarda Ak Tama girende jyns, migrasiýa ýaly meseleler boýunça iňňan bölünen milletden başga-da, koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Wirus bilen 10 milliona golaý adam keselläp, ondan 230 müň töweregi adam öldi. Wirus ykdysadyýete, adamlaryň gündelik durmuşyna hem ýaramaz täsir ýetirdi. Ol sebäpli işsizligiň gerimi artdy we geljege bolan nämälimlik döredi.


Mundan başga-da, ol möhüm Ýewropa ýaranlary bilen ýaramazlaşan gatnaşyklary gowulandyrmagyň ýollaryny tapmaly bolar, dyzmaçlyk edýän Russiýa garşy durmaly bolar, şeýle-de dünýäniň uzak wagtdan dowam edip gelýän durumyna Hytaý tarapyndan barha abanýan howpy gowşatmaly bolar.


Täze saýlanan prezident 330 million amerikaly ýa-da işleşjek daşary ýurt liderleri üçin täze bir adam däl.


Baýden Waşingtonda tas ýarym asyr işledi, şol sanda 35 ýyl senator boldy, şeýle-de 2009-2017-nji ýyllar aralygynda Barak Obamanyň prezidentlik döwri 8 ýyllap wise-prezident boldy.


Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň üç gezek başlygy bolan we uzak wagtlap senatorlyk eden Baýden daşary ýurtlara köp syýahat edip, söwda we ýadro ýaraglary ýaly meseleler boýunça hem gepleşikleri geçirdi.


Ol 1979-njy ýylda sowet lideri Leonid Brežnew bilen duşuşyp, ýaraglary çäklendirmek meselesini maslahat etdi. Ol mundan 10 ýyl töweregi soň Sowet Soýuzynyň dargamagy we kommunizmiň synmagy bilen, NATO ýaranlygynyň giňeldilmeginiň tarapynda çykyş etdi.




 


Obama Baýdeni iki gezek, esasan hem daşary gatnaşyklar babatyndaky alyp baran işlerini nazarda tutup, özüniň saýlaw ýarany hökmünde saýlady.


2008-nji ýylda Illinoýsdan senator Obama Wýetnam urşunda söweşen 71 ýaşly Jon MakKeýn bilen prezidentlik saýlawlarynda bäsleşende, Baýden Obamanyň daşary gatnaşyklar babatyndaky boşlugyny doldurypdy.


Saýlaw kampaniýasy döwründäki çekişmelerde Baýden Tramp bilen jedelleşdi, emma öz garşydaşyndan tapawutlykda özüni has ýumşak, has hoşniýetli alyp bardy. Bu, belki-de, Trampyň şahsy hüjümlerinden we Twitterdäki teatrçylygyndan ýadan saýlawçylaryň göwnünden has köp turan bolmagy mümkin.


Bilermenler Baýdeniň saýlawçylar bilen aragatnaşyk gurmak ukyby, şol sanda özüniň agyr pursatlaryny paýlaşmagy bilen, onlarça ýyl syýasatda galmagy başarandygyny aýdýarlar. Munuň ony köpler üçin “il halar” adama öwürendigi hem bellenilýär.


Josef Robinette Biden, Junior, 1942-nji ýylda Pennsilwaniýanyň Skranton şäherinde orta gatlakdaky, abadan, emma başdan geçiren ykdysady kynçylyklar sebäpli maliýe taýdan kösenýän roman katolik maşgalasynda dünýä indi.


Dňrt çaganyň ulusy Baýden orta gatlakly maşgalada önüp-ösdi. Maşgala goňşy Delawere ştatyna göçüp, Wilmington şäherinde mesgen tutdy. Onuň kakasy ulanylan ulaglaryň söwdasy bilen meşgullandy.


Ol Katolik mekdebine gatnap, amerikan futboly we beýsbol bilen meşgullandy. Ol garyp okuwçydygyna garamazdan, mekdebiniň soňky iki ýylynda synp prezidenti hem bolupdy. Ol Delawariň Uniwersitetine gatnady, şeýle-de Nýu-Ýork ştatynyň Syracuse Uniwersitetinde ýurdiki bilim aldy.


Baýden 1966-njy ýylda Syracuse Uniwersitetiniň talyby Neilia Hunter bilen durmuş gurdy. Olar soňy bilen Delaware göçdüler. Baýden ol ýerde ýuridiki praktikany alyp barmak üçin synagy tabşyrdy. Olaryň üç çagasy boldy.


1972-nji ýylda, 29 ýaşly Baýden ilkinji gezek senator saýlanyp, iň ýaş saýlanan altynjy senator bolandan birnäçe hepde soň, Neilia we olaryň bir ýaşly gyzy Kristimas söwdasynda ýol heläkçiligine uçrap, aradan çykdylar. Baýdeniň bir ýaşyndaky gyzy Naomi hem heläk boldy, ogullarynyň ikisine: Huntere we Beaue şikes ýetdi.




Beau 2015-nji ýylda 45 ýaşynda beýni rak keselinden aradan çykdy. 50 ýaşyndaky Hunter onlarça ýyllap arakhorlukdan we neşekeşlikden ejir çekdi. Mundan başga-da, onuň 2014-19-njy ýyllarda ukrain kompaniýasynda ýokary derejeli wezipäni eýelemegi Trampyň we onuň ýaranlary tarapyndan kakasynyň saýlaw kampaniýasy döwri nyşana alynmagyna sebäp boldy.


Baýden maşgalasy bilen ýüze çykan hadysadan soňra, çagalarynyň aladasyny etmek üçin Senatdan ýüz öwürmekçi bolandygyny, emma egindeşleriniň ony bu niýetinden alyp galandyklaryny gürrüň beripdi. Çagalarynyň aladasy we işini ugtaşdyrmak üçin, ol her gün Delawaredan Waşingtona otlyda 90 minut syýahat etmeli bolupdy.


Bäýdeniň gündelik syýahatlary onuň alyp barýan syýasatyna hem täsir ýetirdi. Baýden demirýollary transportynyň ýuristi boldy we 2020-nji ýyldaky kampaniýasynyň çäginde howanyň üýtgemegine garşy durmaga we jemgyýetçilik transportyna bil bagalan işçi synpyna ýardam berjek “demirýol rewolýusiýasyna” çagyrdy.


Baýden ýaşlygynda erbet kekeçlemeden ejir çekipdi. Bu sebäpli ol klasdaşlary tarapyndan kemsidilmelere hem sezewar bolupdy. Baýdende kekeçleme häli-şindi hem ýüze çykýar. 2020-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasy döwri Baýdeniň garşydaşlary bu ýagdaýa we onuň gartaşan ýaşyna üns çekip, onuň aň-huşunyň ygtybarlylygyny sorag astyna alypdylar.




35 ýylyň içinde Baýden Senatdaky bäsleşikde hiç haçan ýeňlişe sezewar bolmasa-da, onuň syýasy karýerasynda yza gaýtmalar bolupdy.


Ol 1988-nji ýylda 46 ýaşynda, soňra-da 2008-nji ýylda Demokratlardan prezident dalaşgäri bolmak ugrunda bäsleşipdi. Emma iki gezek-de garşdydaşlary üstün çykyp, ol ýaryşdan ir çekilmeli bolupdy.


Belli bir wagta çenli Baýdeniň 2020-nji ýyl üçin dalaşgärligi hem onuň ozalky şowsuz synanyşyklarynyň ykbalyny gaýtalap biljekdigi ýaly bolup görünipdi.


Ol ençeme aýlyk şübhelerden soň, 2019-njy ýylyň aprelinde öz kandidaturasyny yglan etdi. Bäsleşige başga-da ýigrimä golaý, esasan hem has ýaş, has liberal ýa has sagçy we Baýdene görä has täze dalaşgärler goşulypdy.


Baýden özüni Trampyň häkimiýetiniň üç ýylynyň dowamynda “söweş meýdanyna” öwrülen ýurt üçin çyrag hökmünde häsiýetlendirdi. Baýden Trampy milleti jyns, migrasiýa ýaly meseleler üstünde bölmekde, şeýle-de “milletiň esasy gymmatlyklaryny, dünýagaraýyşyny, demokratiýasyny” howp astyna salmakda aýyplady.


“Biz bu milletimiziň ruhy ugrunda göreşýäris” diýip, Baýden öz kandidaturasyny yglan eden pursady çykyş etdi. Ol eger-de Tramp ýene dört ýyl möhlet bilen häkimiýet başyna geçse, onda ol “bu milletiň häsiýetini, biziň kimligimizi hemişelik we düýpgöter üýtgeder, men gyrada durup, muňa şaýatlyk edip bilmeýärin” diýip, belläpdi.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Более 14 тысяч жителей СВАО получили новые квартиры по реновации — Собянин


Спорт в России и мире
Москва

Собянин: Москвичи завоевали золото на международной астрономической олимпиаде


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Дарья Касаткина проиграла четвёртый финал WTA в текущем сезоне


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

АГН "Москва": при переиздании Красной книги Москвы будет использоваться ИИ





Путин в России и мире
Москва

Главы России и Туркменистана подтвердили настрой на укрепление партнерства стран


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский: Ни США, ни Британия не дали разрешения на удары вглубь России


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Анастасия Волочкова

«Бывали у меня дома»: Волочкова рассказала об опыте общения с психологами



Москва

Один полицейский погиб после подрыва сопровождающей посла России машины

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net