Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldy
![Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldy](https://gdb.rferl.org/72F0018A-2A00-4E0B-9C79-993B6B9A564A_cx27_cy0_cw38_w800_h450.jpg)
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy gyzlar we zenan mugallymlar bilen ýygnaklar geçirildi. Welaýat bilim bölüminiň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri tarapyndan geçirilen bu ýygnaklarda aýal-gyzlaryň ahlagy we olaryň daşky keşbine degişli gadagançylyklar barada gürrüň edildi. Şeýle-de, mundan beýläk mekdebi tamamlamanka, nikasyz göwreli bolan okuwçy gyzlaryň okuwdan çykaryljakdygy duýduryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.