123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2020

Et hem mesge — "tapdyrgysyz haryt". Täjigistanda bahalaryň ýokarlanmagy milleti garyplyga alyp barýar

0
 


Täjigistanda azyk-iýmit önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy Merkezi Aziýadaky bu garyp ýurduň ilatyny has beter mätäçlige iterýär. Köp maşgala diňe iň zerur zatlary satyn almaga mejbur bolýar. Barlaglara görä, ýurduň ilatynyň üçden biri doýa-gana naharlanmaýar.


Ozoda agşamlyga manty taýýarlaýar. Adatça bu nahar üwelen et bilen hamyrdan edilýän bolsa, Ozoda hamyryň içine diňe sogan bilen kartoşka salyp bişirýär.


«Meniň çagalarym mydama kädi börek iýýändiklerinden zeýrenýärler. Şonuň üçin bu gezek manta kartoşka saldym. Biziň indi et satyn almaga ýagdaýymyz ýok. Biz diňe nana, makarona, kädä hem kartoşka baglandyk» diýip, Täjigistanyň Sogdi welaýatyndan bolan dört çaganyň enesi aýdýar.


Maşgalanyň ertirligi düzgün boýunça – çaý, çörek hem gant. Mekdep mugallymasy bolup işleýän bu aýal aýlyk alan günlerinde adaty düzgünden çykyp, «çagalary üçin ýumurtga hem et önümine pul harçlaýandygyny» aýdýar.


«Ýagmy? Mesge ýagy — bu tapdyrgysyz haryt, men o barada pikir etmäge-de gorkýan. Men indi bazara aýlanyp bilemok. Şu ýylda adamlaryň puly has beter azaldy» diýip, Ozoda gürrüň berýär.


Merkezi Aziýadaky garyp ýurtlaryň biri bolan Täjigistan häzir azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Onsuzam o gününden-bu gününe zordan ýetirinýän ilata infilýasiýa agyr zarba urdy. Köp maşgala saglyk üçin zerur bolan azyk önümlerinden ýüz öwrüp, diňe mümkinçiliginiň ýetýän zatlaryny almaly bolýarlar. Bu howatyrly ýagdaý ýurduň ilatynyň üçden biriniň azyk iýmitiniň ýeterliksizdigini görkezýär.


Bütindünýä azyk programmasynyň maglumatyna görä, Täjigistanyň ilatynyň 47 prosenti her günde 1,33 dollardan az pula ýaşamaly bolýar. Beýleki bir maglumata görä, ýurduň ilatynyň 30% azyk ýetmezçiliginden yzygiderli kösenýär.


Koronawirus pandemiýasy gaty köp ýurtlarda azyk önüminiň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý serhetleriň ýapylmagy, transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi hem-de import we eksport harytlary üçin kesgitlenen düzgüniň bozulmagy bilen düşündirilýär. 


Täjigistan pandemiýadan has köp zyýan çekdi.


Daşardan gelýän girdejä bagly bolan millionlarça hojalyk esasy girdeji çeşmesini ýitirdi. Şu ýyl zähmet migrantlaryň köprägi gazanç üçin Orsýete ýa-da Gazagystana gidip bilmedi.


Täjigistanyň zähmet ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň daşyna gazanç üçin gidip bilýän täjik migrantlarynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda 57% azalypdyr.


Gazanç üçin gitmäge mümkinçilik tapanlar hem ol baran ýurdunda koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeler bilen bagly gazanç etmegiň peselmegine duçar boldular.


Aprel aýynda Täjigistanyň hökümeti ýer eýelerine gök önümleri hem däneli ekinleri has köp ösdürip ýetişdirmäge, ýylda ýerden üç gezek hasyl almak üçin çalyşmaga, şeýlelikde, azyk üpjünçiliginiň howpsuzlygyny döretmäge çagyrdy. Şeýle hem hökümetler öz mellek ýerlerini hem goşmaça ýer paýlaryny gök önüm ýetişdirmek üçin ýyladyş desgalary bilen üpjün etmegi, netijede, azyndan iki ýyla ýeter ýaly azyk önümlerini ýetişdirmegi öňe sürdi.




Duşenbe hatda oba hojalyk harytlarynyň birnäçesine eksporty gadagan etdi, olara däne, kartoşka, kösükli önümler, ýumurtga hem et girýär.


Şeýle-de bolsa, 9,3 million ilaty bolan Täjigistana içerki azyk önümleriniň üpjünçiligini özbaşdak döretmek aşa kyn, sebäbi ýurduň 93% territoriýasy daglyk ýerlerdir.


Bütindünýä azyk programmasynyň barlaglaryna görä, Täjigistanda ekin üçin amatly bolan ýerleriň hem 97% çemesi ýaramazlaşan toprakly ýer saýylýar.


SAÝLAP ALMAK AGYR


Oktýabr aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Duşenbedäki bazarlarda goýlan harytlaryň bahalaryny mälim edip,  çigit ýagynyň hem şekeriň bahasynyň 30%-e çenli gymmatlandygyny aýtdy. Onçakly ýokary bolmasa-da, beýleki harytlaryň – ýumurtganyň, etiň hem tüwiniň gymmatlandygyny mälim edipdi.


Şeker 0,6% gymmatlap, bir dollara golaýlady, çigit ýagynyň her litri 1,16 – 1,55 dollara baryp ýetdi.


Resmi maglumatlara görä, Duşenbe şäherinde oktýabr aýynyň ortalarynda sygyr etiniň ortaça bahasy 5 dollara baryp ýetdi. Gara çaýyň kilogramy 4,6 dollar, tüwi – 1,3 dollar, un – 0,47 dollar, süýdüň bir litri 0,45 dollar, 10 ýumurtga hem bir dollar çemesi boldy.


Bu bahalar ýönekeý täjigistanlylar üçin örän ýokary, ýurtda ortaça aýlyk haklary 160 dollar, pensiýalar bolsa – 33 dollar.


Täjigistanyň ilatynyň aglaba köprägi, aýratyn-da şäher ilaty azyk önümlerini bazardan satyn alýarlar. Bazaryň bahasy supermarketlere garanda arzan hem ol ýerde satyjylar bilen söwdalaşyp bolýar.


Azyk önümleriniň bahasy dürli sebitlerde, hatda bir şäherdäki dürli bazarlarda-da dürlüçe. Ýöne alyjylar bahalaryň yzygiderli üýtgäp durmagyndan zeýrenýärler. «Hiç bir bildiriş ýa-da sebäbi aýdylmazdan, bahalar her hepdede diýen ýaly üýtgäp durýar» diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.


Döwlet agentligi tarapyndan görkezilişine görä, Duşenbe şäherinde tüwi, un, etiň ähli görnüşleri, çigit ýaglary, ýumurtga, şeker hem çaý sentýabr bilen deňeşdirilende, oktýabr aýynda gymmatlapdyr. Şol wagtyň özünde galla önümleri hem noýba-nohut öňki pes bahasynda galypdyr, kelem bilem kartoşka bolsa arzanlapdyr.


Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Rustam Nasriddinow öz az aýlygy bilen geljekde nähili ýaşajakdygyny göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýar.


«Bahalar her gün bir-iki somoni ösüp barýar. Munuň sebäbine düşünemok. Bäş litrlik günebakar ýagynyň Duşenbede 7,2 dollara çykandygyny men häzir bilip galdym» diýip, Rustam Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.


Alyjylaryň köpüsi özleriniň has arzan zatlary, meselem, günebakar ýagyna derek, pagta ýagyny satyn almaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.


Beýlekiler bolsa öz çykdajylaryny azaldýarlar.


«Indi men ýumurtga, et hem miwe önümlerini satyn alamok, hatda alma-da meniň üçin gymmat, onuň kilosy 1 – 1,4 dollara durýar» diýip, paýtagtyň beýleki bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna aýtdy.


Azatlygyň öňki gürrüňdeşi, Sogdi welaýatyndan bolan köp çagaly ene Ozoda beýleki köp maşgalalarda bolşy ýaly, özlerine «saýlap almagyň agyrdygyny» aýdýar.


«Men şirin-şekeri özüm taýýarlaýan, guradylan tudanany hoz bilen garyp üweýän. Biz olary meýdandan özümiz toplapdyk. Ýöne ol toplanymyzyň baryny özümiz iýip bilemzok, onuň deň ýarysyny satmaly bolýarys. O pula gyş üçin kömür satyn alýas» diýip, ol ene aýdýar.


Ozodanyň sözüne göre, geçen ýyl olaryň maşgalasynyň maddy ýagdaýy ganymat bolupdyr. Adamsy işçi-migrant hökmünde Orsýetde işläp, maşgalasyna pul iberip durupdyr. Indi ol öz ýaşaýan ýerinde çem gelen işi etmeli bolýar, obada jaýlary remont edýär ýa-da möwsüm mahalynda ýer eýeleriniň hasylyny ýygnaşýar.


Ol maşgalanyň girdejisi – aýda 120 dollardan 150 dollar aralygynda. Puluň uly bölegi içmek-içmek üçin gidýär. Maşgala gyşdan çykmak üçin, azyndan 500 dollarlyk kömür gerek.


Economist Intelligence Unit (EIU) guramasynyň barlaglaryna görä, Täjigistanyň ilatyna ortaça her günde 227 kaloriý ýetmeýär. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Russiýada ortaça her günde 6 kaloriý, Gazagystanda – 17, Özbegistanda hem 43 kaloriý ýetmeýär.


EIU-nyň azyk üpjünçiligi indeksine laýyklykda, 2019-njy ýylyň dekabrynda Täjigistan dünýäniň 113 ýurdunyň arasynda 93-nji orny eýeleýän eken.


DÖWLET AÝLYKLARY KÖPELDÝÄR, YZ ÝANY BAHALARAM ARTÝAR


Täjigistanyň hökümeti sentýabr aýynda býujet işgärleriniň hem pensionerleriň aýlyklaryny 15% göterdi, medisina işgärleriniň aýlyklarynyň ýene artdyryljakdygyny we goşmaça baýrak beriljegini mälim etdiler. Güýç ulanyjy guramalaryň, sudýa – kazyýet ulgamynyň işgärleriniň aýlyklary 10% artdyryldy.


Köp adam aýlyklary has köpräk ýokarlandyryp, millete inwestisiýa etmäge mümkinçilik döredilmelidigini aýdýar hem täze iş ýerleri döredilip, ýurduň girdejisiniň artmagyny gazanmaly diýýär.


Beýleki birnäçe ýaşaýjylar milletiň has garyp bölegine goldaw bolar ýaly, azyk önümlerini arzan bahadan satýan dükanlaryň döredilmegini hökümete teklip edýär.


«Hökümet milleti hökman diňlemeli, iş başarýan adamlary – diýip, Kulýab raýonyndan adynyň tutulmazlygyny soran bir žurnalist aýdýar. – Siz bazarlarda harytlaryň doludygyny görýänsiňiz. Hawa, ol şeýle. Adamlar haryt satyn alýarlar, käbirleri bolsa harydyň bahasyna-da seretmeýär. Ýöne olar köplük däl».


«Kim täjikleriň köpüsi doýa-garna naharlanýar diýip aýdýan bolsa, ol hakykatdan daşdadyr hem nämeleriň bolup geçýäninden habarsyzdyr» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Москвичи завоевали золото на международной астрономической олимпиаде


Спорт в России и мире
Москва

Две медали привезли псковички с чемпионата России по пилонному спорту


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Надежда Гуськова

«Совесть не позволила»: Надежда Гуськова в юности попадала в клубы оригинальным способом


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Бастрыкин поручил возбудить дело против рубщиков леса в Хорошево-Мневниках





Путин в России и мире
Москва

Путин поприветствовал участников форума «Российская энергетическая неделя — 2024»


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Николай Лукашенко рассказал, как готовился к выступлению на «Минск-Арене»




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский хочет вступить в НАТО до завершения полномочий Байдена


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Егор Крид

Егор Крид повредил ногу, он поделился фото и видео в инвалидном кресле



Москва

Замглавы МИД РФ предупредил о полной готовности полигона на Новой Земле к ядерным испытаниям

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net