Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2020

ÝB-niň daşary işler ministrleri Tihanowskaýa bilen duşuşýar, Lukaşenka garşy sanksiýa seredýär

0
ÝB-niň daşary işler ministrleri Tihanowskaýa bilen duşuşýar, Lukaşenka garşy sanksiýa seredýär

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa bilen duşuşyp, Belarusyň onlarça resmisine, belki-de prezident Aleksandr Lukaşenka hem, saýlawdan soňky protestlere garşy hyýanatçylykly hereketler we awtoritar lideriň ýeňiş gazanmagyna sebäp bolan saýlaw galplyklary bilen baglylykda sanksiýalary girizmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.

9-njy awgustda Lukaşenka oppozisiýa we günbatar ýurtlary tarapyndan galp hasaplanýan prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri Belarusy köpçülikleýin nägilelikler sarsdyrdy.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell 21-nji sentýabrda Tihanowskaýa bilen bolan duşuşykdan soň, "belarus halkynyň, esasanam hakyky liderlik duýgusyny görkezýän belarus zenanlarynyň edermenligi we erjelligi ministrleri haýran galdyrdy" diýdi.

Şeýle-de, Borrell Belarusyň we onuň ýarany Russiýanyň Ýewropanyň belarus wakalaryna gatyşmagy baradaky aýyplamalaryny ret etdi we "muny içerki işlere gatyşmak diýip hasaplap bolmaz, sebäbi demokratiýa we adam hukuklary Ýewropa Bileleşiginiň aýratynlygynyň özenidir" diýdi.

 

Borrell "biz Lukaşenkany Belarusyň kanuny prezidenti hökmünde ykrar etmeýändigimizi" göz öňünde tutup, belarus halkyna nähili goldaw berip boljakdygyny we 27 ýurtdan ybarat bileleşigiň Minsk bilen nähili gatnaşyk saklamalydygyny hem maslahat etjekdiklerini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Belarusdaky protestlere edilýän basyşa gaýtawul hökmünde sanksiýa girizilmegi göz öňünde tutulýan 40 töweregi adamyň sanawyny düzdi. Olar bu sanksiýalar arkaly aktiwleriň doňdurylmagy we syýahat gadaganlygy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.

Bileleşik, 26 ýyl bäri oppozisiýany we garaşsyz habar beriş serişdelerini repressiýa eden hem-de demonstrantlar bilen gürleşmekden ýüz öwüren Lukaşenkanyň bu sanawa goşulmalydygy ýa-da däldigi barada entek belli bir netijä gelmedi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Tihanowskaýa bilen ertirlik naharynda duşuşandan soň eden çykyşynda “Lukaşenkanyň parahatçylykly demonstrantlara garşy edýän zorlugy düýbünden kabul ederliksiz” diýdi.

Häzirki wagtda öz ýurdy ÝB-niň döwürleýin prezidentligini ýerine ýetirýän Maas ministrleriň özlerine "Ýewropa Bileleşiginiň esasy jogapkärçiligi öz üstüne alýan jenap Lukaşenka garşy-da sanksiýa girizilmelimi ýa-da girizilmeli däl diýen soragy bermelidigini" hem aýtdy.

Belarus sanksiýalary bilen bagly mesele ÝB-niň daşary işler ministrleri tarapyndan çözülmese, onda diplomatlar munuň 24-25-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ÝB sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdýarlar.

Brýusseldäki ýygnak Belarusda polisiýanyň Lukaşenka garşy geçirilýän köpçülikleýin ýörişleriň tapgyr altynjy şenbe gününde ýüzlerçe demonstranty tussag edeninden bir gün soň boldy.

Belarusda polisiýanyň ýygnanyşmazlyk baradaky duýduryşyna garşy çykyp, Minskdäki ýörişe 100 müňden gowrak adam gatnaşdy. Belarusyň başga-da birnäçe şäherinde protestler geçirildi.

Protestler başlaly bäri polisiýa takmynan 12 müň adamy tussag etdi. Şeýle hem, olar tussag edilenleriň ýüzlerçesini gynadylar we bu Günbatarda gahar-gazabyň döremegine getirdi.

Kipr Belarusa garşy sanksiýalaryň sanawyny böwetläp, muňa berjek goldawy üçin ÝB-den Ankaranyň Ortaýer deňziniň gündogarynda gaz gözlemek we burawlamak işleri bilen bagly dawa-jenjelde Türkiýä garşy çäre görmegini talap edýär.

ÝB diňe 27 agzanyň hemmesi goldaýan halatynda sanksiýalary girizip bilýär.

Bileleşigiň iň kiçi agzalarynyň biri tarapyndan döredilen kynçylyk ÝB-niň abraýyna howp salýar we adam hukuklary meselesinde hem-de sanksiýalary durmuşa geçirmekde aglaba köplügiň sesiniň ulanylmalydygy baradaky çagyryşlary has-de güýçlendirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen 16-njy sentýabrda eden çykyşynda ÝB diplomatiýasynyň köplenç bir ýurda beýlekilere weto hukugyny berýän ulgam tarapyndan ysmaz bolandygyny aýtdy.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о росте турпотока из Китая


Спорт в России и мире
Москва

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Большой шлем

Рублёв и еще два российских теннисиста не сыграют на Олимпиаде в Париже


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Обмен электронными транспортными накладными стал доступен участникам «Биржи грузоперевозок ATI.SU»





Путин в России и мире
Москва

Путин летит к Ким Чен Ыну. Россия и Северная Корея станут стратегическими партнёрами


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Найк Борзов

Братья Грим и Найк Борзов зажгут в Нижегородской области на Дне молодежи



Москва

Команда журналиста Андрея Медведева запустила исторический проект «Неизвестная Москва»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net