ABŞ çozuşyndan iki on ýyla golaý soň owgan parahatçylyk gepleşikleri açylýar
ABŞ-da 11-nji sentýabrda bolup geçen we Owganystany weýran eden ganly konflikte, on müňlerçe adamyň öldürilmegine alyp gelen terror hüjümlerinden on dokuz ýyl soň, ýurtda parahatçylygy üpjün etmek üçin gepleşik geçirilýär.
Owganystanyň hökümet işgärleri, “Talyban” ekstremistleri we ABŞ resmileri gepleşikleriň 12-nji sentýabrdaky açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha şäherine geldiler.
"Uzak wagtlap söweşýän taraplar “häzirki kyn ýagdaýlara laýyklykda aýgytly karara gelmeli we, ...hiç bir ýeňiji we ýeňlen ýok diýen esasda ylalaşyk gazanyp, bölünişigiň ähli görnüşlerinden ýokarda bolmaly” diýip, Kataryň daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdulrahman Al Tani aýtdy.
“Men biziň ýurdumyzyň taryhynyň şu güni urşuň we görgülerimiziň soňlanan güni hökmünde ýatda saklajakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin” diýip, ozalky owgan ministri, owgan gepleşik toparyna ýolbaşçylyk edýän Abdullah Abdullah aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo dabarada çykyş edip, gepleşikleriň başlamagynyň "möhüm pursat" bolandygyny aýtdy.
Ol "Talybanyň" terrorçy elementlere pena bermezlige ygrarldygyny aýtdy. Waşington Katarda, “Talybanyň”wekilhanasynyň ýerleşýän ýerinde parahatçylyk gepleşiklerine araçylyk etdi.