COVID-19 we Türkmenistan: Bazar söwdagärleri çäklendirmeler döwründe nädip gün görýärler?
![COVID-19 we Türkmenistan: Bazar söwdagärleri çäklendirmeler döwründe nädip gün görýärler?](https://gdb.rferl.org/FA0896B1-F56D-49B6-8452-A8460A210704_cx0_cy47_cw100_w800_h450.jpg)
Türkmenistan dünýädäki COVID-19 pandemiýasy wagtynda henizem öz çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän ýeke-täk ada däl döwletdir. Öz beýanatyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri COVID-19 garşy we ýurduň ilatynyň ähli gatlaklaryna täsir ýetirýän çäreleri görýärler. Hususan-da, çäklendirmeler köp telekeçileri girdejisiz galdyrdy, olaryň ýitgi çekmegi dowam edýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri girizen çäklendirmeleriniň sebäplerini we haçana çenli dowam etjegini ilata düşündirmeýärler.