123ru.net
Azathabar.com
Сентябрь
2020

Koronawirusyň ikinji tolkuny: kynçylyklar hem ony geçmegiň mümkinçilikleri

0
 


Agyr howsala döredýän koronawirusyň ikinji tolkuny häzir bar adamyň dilinde. Aýratynam hökümetiň çykarjak netijelerine garaşly adamlar köp aladada. Häzirki döwürde wirusa garşy göreşmekde ylmy düşünjeleriň takyk bolmazlygy hem bu wirus bilen baglanyşykly örän gysga wagtlyk tejribe Gyrgyzystana-da öz täsirini ýetirýär. Mundan daşary-da, COVID-19 ýaly näsaglyk jemgyýetde dürli garaýyşlary, goşmaça aladalary hem nämälimligi emele getirýär.


Kynçylyklar


Geliň, meselä parahat ýagdaýda çemeleşip, ol barada out of box, ýagny häzirki ýagdaýyň daşyndan durup seredeliň.


Biziň uzak döwürlik netijä gelmegimizde nähili problemalar bar?


№1 problema – garyplyk bolup durýar. Ýurduň bütewi içerki önümi jan başyna bir müň dollar çemesi bolansoň, pandemiýanyň garşysyna durmak başartmaýar.


№2 problema – ýurdumyzda wraçlaryň sanynyň az bolmagydyr. Lenin babamyzyň hyzmatynyň saýasynda, ýurda Ýewropa ölçegleri bilen garasak, 10 000 adama 35 wraç düşmeli bolsa, ol görkeziji bizde häzir dürli statistiki maglumatlara görä, her on müň adama 13-den 20 wraç aralygynda durýar. Wraçlaryň sanynyň az bolmagy netijesinde, islendik ýokanç keseliň özi bilen birlikde başga heläkçiligi hem getirmegi mümkin.


Problema №3 – biziň ýurdumyzda näsaglara keselhana orunlary häzirki wagtda 26 000 diýilýär, muňa ähli bölümler – çagalar keseli, bäbekhanalar, trawmatologiýa, oba keselhanalary we beýleki kliniki bölümler degişlidir. Bu ýerde kynçylyk nämeden ybarat? Gyrgyzystanda COVID-19 wirusy bilen kesellänleri we soňky wagtda aýan edilýänleri keselhanalara ýerleşdirmeli bolsa, takmynan 450 000 orun gerek. Munuň özi döwlet tarapyndan yglan edilen 26 müň keselhana ornunyň 450 müň adama hyzmat etmelidigini görkezýär. Keselhananyň mümkinçiliginden ummasyz köp mukdardaky näsag peýdalanjak bolup, şol bir az ýer üçin ýüz tutmaly bolýar. Hökümet resmileri gyssagly suratda gündizki açyk stasionarlary döretdiler. Bary bir, biz adaty bolmadyk köp ölüme şaýatlyk etdik.


Diagnoz goýmak tejribesi


Näsagyň keseline medisina diagnozyny goýmak dürli usullary hem goşmaça serişdeleri talap edýär. Adaty ýagdaýda bu owaly bilen näsaga umumy gözegçilikden, analizleri jemlemekden, laboratoriýa barlaglaryndan hem-de wirusly kesgitleýän (UZI, rentgen, MPT we beýlekiler) barlaglardan ybarat bolup durýar.


Gyrgyzystanda COVID-19 diagnozyny goýmak boýunça nähili çäre görüldi? Koronawirus üçin geçirilen test položitel netije berse, onda COVID-19 bar diýildi. Ýöne munuň özi ençeme statistiki bulaşyklyklary hem-de hökümet tarapyndan görülýän çärelerdäki näsazlygy emele getirdi.


Bu usulyň kynçylykly tarapy – wirusy gerekli ýerden we aýny wagtynda aýan edip bolmaýar. Meselem, adama wirus ýokuşypdyr, ondan laboratoriýa testini almak üçin, hökmany suratda ýeterlik yz gerek, ony dürli ylmy maglumatlara görä ýedi günden giç bolmadyk ýagdaýda kesgitlemeli. Wirus bolsa ilkinji günlerde burun boşlugynda bolup biler, birnäçe günden soň öýkene geçmegi mümkin, şonda ony burun boşlugyndan suwuklyk alyp, analizde aýan etmek kyn. Şu ýagdaýda ýalňyş netije görkezýän testler peýda bolýar. Hakykat ýüzünde adam kesel, onuň COVID-19 testi bolsa otrisatel netije berýär.


Iň ynamdar bilim – ol tejribeden gazanylan düşünje. Biziň ýurdumyzda ol wirusyň güýçli öjügen döwri iýun-iýul aýlaryna gabat geldi. Şonda näsaga diagnozy dürli usullarda goýdular hem dürli serişdelerden peýdalandylar.


Ýurduň gazanan tejribesi


Biziň ýaş ýurdumyz şeýle agyr gelen epidemiki keselçilik bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz boldy. Bu işde köp ýalňyş goýberildi, netijede Gyrgyzystanda agyr wirusa gaşy göreşmek tejribesi emele geldi. Indi şol gazanylan tejribäni özleşdirmek hem geljege sapak edinmek möhüm mesele bolup durýar.


Wraçlarda ägirt uly praktiki tejribe toplandy. Ilkinji başda bolan ölüm-ýitgileri wraçlaryň tejribesizliginden hem milletiň dowla düşmeginden diýip bolar. Soňra olar COVID-19 bilen göreşip, möhüm tejribe topladylar.


Öz ýurduňy özüň halas et. Şeýle çagyryş häzir her bir gyrgyzystanly üçin düşnükli bolsa gerek. Öňler köplere «wolontýor» sözi-de näbellidi, indi hemmeler wolontýorlaryň – meýletinleriň kimlerdigini bilýärler.


Biz graždaninler hökmünde döwlet gurluşyna ýardam etmelidiris. Muny çinownikleriň özünden hoşallygyny artdyrmak üçin däl, eýsem her birimiziň diri galmagymyz üçin başarmalydyrys. Ýurt ykdysady uçudyň gyrasynda dur, şu agyr epidemiki keseliň dowam edýän pursadynda, döwlet ykdysady hem sosial meseleleri çözmeli bolýar. Şonuň bilen birlikde, epidemiýanyň ýaýramak howpuna garşy çäreleri görmeli.


Bu meselede gyssagly suratda kim koronawirusa ýolugan bolsa, olardan anketa almak möhüm bolsa gerek. Bir maşgalada kim koronawirusy başdan geçiripdir, nähili derejede keselläpdir we haçan kesele ýolugypdyr, ondan başga şol maşgalada infeksiýa kimlere ýokuşypdyr? Şeýle anketa soraglarynyň geçirilmegi infeksiýanyň ýaýraýyşy baradaky analizi kesgitlemäge mümkinçilik döredip biler.


Gowy görelde


«Öz ýurduňy özüň halas et» diýlen maksat gyrgyz halkynyň jemgyýetçilik ulgamynda gazanan gowy göreldesidir. Bu ideýa infeksiýanyň ýaýraýyş geriminiň güýçli bolmagyndan hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen okuwçylaryň nä derejede howpsuz galmagy ugrunda edilýän aladadan gelip çykýar.


Bu ýerde aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.


Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Более 14 тысяч жителей СВАО получили новые квартиры по реновации - Собянин


Спорт в России и мире
Москва

«Спартак» — «Динамо» Москва — 2:2. Видеообзор матча РПЛ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Каспер Рууд

«Немного не повезло». Рууд — о матче на Кубке Лэйвера с Серундоло


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Черный аист и тушканчик: стало известно, кого можно увидеть в Подмосковье





Путин в России и мире
Москва

Главы России и Туркменистана подтвердили настрой на укрепление партнерства стран


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Николай Лукашенко рассказал, как готовился к выступлению на «Минск-Арене»




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский хочет вступить в НАТО до завершения полномочий Байдена


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Игорь Бутман

Московский джазовый оркестр Игоря Бутмана отметит юбилей в Театре Эстрады!



Москва

В подмосковном ЖК «Спутник» построили парк с зонами отдыха и мини-скалодромом

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net