Gazak resmilerine we olaryň maşgala agzalaryna daşary ýurtlardaky banklardan hasap açmak gadagan ediler
Gazak resmileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň daşary ýurtlarda gelip çykyşy näbelli uly möçberdäki baýlygyny açyp görkezen birnäçe dawa-jenjeliň yz ýany halk nägileliginiň barha artmagynyň fonunda, Gazagystanyň maliýe ministri hökümet resmilerine we olaryň maşgala agzalaryna daşary ýurtlardaky banklardan hasap açmagyň gadagan edilýändigini yglan etdi.
2-nji sentýabrda maliýe ministri Erulan Žaumabaýew bu planyň bikanun ykdysady hereketlere garşy göreşmek we maliýe düzgünlerini ösdürmek boýunça öz ministrliginiň maksatnamasynyň bir bölegidigini aýtdy.
Onuň bildirişi prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň halka ýüzlenmesinde korrupsiýanyň öňüne geçmek maksady bilen, 2021-nji ýyldan başlap, hökümet resmileriniň, kanun çykaryjylaryň we kazylaryň daşary ýurtlardaky banklardan hasap açmagyna gadaganlyk girizmegiň zerurdygyny aýtmagyndan bir gün soň edildi.
Bir döwür öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň arasynda ykdysady reformalara nusga görkezilen Gazagystanyň abraýy soňky ýyllarda resmileriň we olaryň maşgala agzalarynyň daşary ýurtlardaky banklardan galyň hasap açmagy we köşklere eýe bolmagy barada habarlaryň peýda bolýan wagty, pese gaçýar.