Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Август
2020

Maryda günebakar ýagy we towuk budy satuwa çykaryldy. Dükanlaryň öňünde ýene uly nobatlar emele geldi

0
Maryda günebakar ýagy we towuk budy satuwa çykaryldy. Dükanlaryň öňünde ýene uly nobatlar emele geldi

Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda ençeme günläp satuwa çykarylmadyk günebakar ýagy we towuk budy gaýtadan satylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýerli habarçylarynyň biri munuň netijesinde döwlet dükanlarynyň öňünde ýene adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini aýtdy.

"Düýn, ýagny 25-nji awgustda we şu gün irden döwlet dükanlarynda towuk budy we günebakar ýagy satyldy. Adamlar daňdan sagat 4:00-da dükanlaryň öňünde nobata durup başlaýarlar. Dükanlar irden sagat 6:30-da gapylaryny açyp, harytlary ilata satyp başlaýar. Mundan öň bu harytlar ençeme günläp satylmandy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 26-njy awgustda gürrüň berdi.

 

Onuň sözüne görä, azyk önümleri satylyp başlananda her bir dükanyň öňünde nobata duran takmynan 40-50 adam olary bir-birinden öňürti satyn aljak bolup howlukýar. Erkek adamlaryň arasynda ýaka tutuşýanlary hem bar.

"Nobata duran ýaşulularyň biri: "Bu hökümet halky kösäp näme gazanjak bolýar? Halys indi diýer ýaly söz galmady" diýdi. Başga bir adam: "Ýaşuly häzirräk bol, ýygnaýmasynlar, gürleseň derrew bir ýerden polisiýa çykaýýar" diýdi welin, ýaşuly sözüni dowam edip, "Polisiýanyň özüni barlamaly. Olar halkyň ýagdaýyna düşünýärmi" diýip sözüni soňlady" diýip, habarçy şaýat bolan wakasyny gürrüň berdi.

Habarçy nobata duran garry eneleriň arasynda bolýan zatlara seredip, aglaýanlarynyň hem bardygyny aýdýar. "Garry eneler: "Bu ýer uruş döwründäki gestapo ýaly" diýýärler" diýip, ol belledi.

Galyberse-de, maryly ýaşaýjylardan günebakar ýagyny we towuk buduny satyn almak üçin onuň gapdaly bilen möhleti geçen önümleri satyn almak hem talap edilýär. 

"Döwlet dükanynda günebakar ýagynyň 1 litri 13 manatdan, towuk budunyň 1 kilogramy 13 manatdan satylýar. Adamlar bularyň her biriniň gapdalyndan möhleti geçen mesge, süýji, köke, makaron we bürünç ýaly önümleri satyn almaly bolýarlar. Bu önümleriň birini satyn almasaň, günebakar ýagyny ýa-da towuk buduny satmaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy döwlet dükanlarynda gyt haryda öwrülen bu önümleriň hususyýetçilerde, şol sanda bazarlarda we hususy dükanlarda aç-açan tapdyrýandygyny, ýöne onuň iki esse gymmat bahadan satylýandygyny hem belledi.

 

"Hususy dükanlarda günebakar ýagy 27 manatdan, towuk budy 25 manatdan satylýar. Olaryň hususyýetçilerde dyngysyz satylmagynyň, ýöne döwlet dükanlarynda gytçylygynyň sebäplerini hiç bir resmi düşündirmeýär" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýat häkimliginden we ýurduň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ýerli bölüminden kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan un, çörek, şeker, ýag, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýär. Azatlygyň ýerli habarçylary bu gytçylygyň pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda has-da ýitileşendigini habar berip gelýärler.

Şu hepdäniň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy soňky 15 günüň dowamynda döwlet dükanlarynyň tekjelerinden towuk ýumurtgasynyň ýitirim bolandygyny habar berdi.

Maryly habarçymyz bolsa, welaýatyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylaryna salgylanyp, etrabyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan diňe unuň satylýandygyny, onuň hiliniň ýaramazdygyny we ýag, towuk budy, makaron, ýumurtga, çörek we şeker ýaly önümleriň asla satylmaýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we ilatyň azyk ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Ýurduň media serişdeleri hem ilatyň "bagtyýarlyk we berkararlyk döwründe" ýaşaýandygyny öňe sürüp, ýokarda aýdylanlar barada mesele gozgamaýarlar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как Москва развивает новые цифровые решения по программе КРТ


Спорт в России и мире
Москва

Росгвардейцы обеспечили правопорядок во время футбольных матчей в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Дарья Касаткина

Касаткина, Андреева и Кудерметова — в тройке лидеров в борьбе за звание лучшей теннисистки


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В одном из парков Москвы нашли тело 13-летней девочки





Путин в России и мире
Москва

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает В.В. Путину улучшить либо отменить налоги в обществе.


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Президент Камеруна получил послание от Президента Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский заявил, что обеспокоен заявлениями республиканцев в США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Булат Окуджава

Самарцы исполнили стихи и песни Булата Окуджавы



Москва

Прозоров: Россия свою позицию объявила, но Запад не поменяет Зеленского

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net