Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Август
2020

Maryda protestçiler merkezi köçäni baglady, polisiýa bilen çaknyşdy

0
Maryda protestçiler merkezi köçäni baglady, polisiýa bilen çaknyşdy

12-nji awgustda Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, şäheriň merkezi köçeleriniň birini baglady we sebite gelen polisiýa işgärleri bilen çaknyşdy. Bu barada ýagdaýlary ýakyndan öwrenen Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 13-nji awgustda gürrüň berdi.

Çarşenbe güni öýlän sagat 13:00 töwereginden soň, Marynyň ‘Senagat’ we ‘Daýhanbank’ banklarynyň işgärleri kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp, mundan beýläk beýleki etraplardan gelen ýaşaýjylaryň diňe sebitlerindäki degişli banklaryndan pullaryny alyp biljekdiklerini yglan etdiler.

Bellesek, welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde bankomatlarda pullaryň ýoklugy sebäpli, ol ýerleriň ýaşaýjylary pullaryny nagtlaşdyrmak umydy bilen, onlarça kilometr ýol söküp sebitiň administratiw merkezlerine gelýärler.

Azatlygyň habarçysy ençeme günläp nobatda garaşyp duran adamlaryň arasynda gahar-gazaply, nägilelikli çykyşlaryň eşidilip başlanandygyny aýtdy.

“Mundan soň, ýüzlerçe adam şäheriň merkezi ‘Mollanepes’ köçesini baglap, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler çözülmese, sebiti terk etmejekdiklerini aýtdylar. Ilki bilen, aýal-gelinler çykdy, soňy bilen olaryň yzynda erkekler hem durdy. Protestçileriň kabiri köçäniň üstünde oturdy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz wakalaryň ertesi güni gürrüň berdi.

Proteste çykan adamlar özleriniň kanuny zähmet haklaryny almak üçin ençeme günläp bankomatlaryň öňünde garaşmaly bolýandyklaryny, özleriniň “öýsüz adamlara öwrülendiklerini” hem gygyrdylar diýip, habarçy aýtdy.

Protest başlanaly bäri 1 sagat çemesi wagt geçenden soň, sebite resmiler we howpsuzlyk güýçleri gelip adamlary dargamaga çagyrdylar, şeýle-de ‘jenaýat işleriniň gozgalmagy, iş ýerlerinden kowulmagy’ bilen gorkuzyp, olara haýbat atdylar.

“Adamlar yza tesmedi. Olar haklarynyň berilmegini gygyryp talap etdiler” diýip, habarçy belledi.

Mundan soňra, howpsuzlyk güýçleri ýygnanan adamlaryň arasyndan birnäçe erkek kişini elinden çekip, zor bilen polisiýanyň ulagyna mündürjek bolupdyrlar.

“Muňa jogap edip, protest çäresine gatnaşan başga-da ençeme erkek kişi polisiýa bilen ýakalaşdy. Güýç gulluklary bu adamlary tussag etdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Munuň yzy bilen, sebite gelen resmiler banklardan her kimiň etrabyna laýyklykda pul nagtlaşdyrmak düzgüniniň ‘ýokardan’ gelendigini, adamlaryň muny üýtgedip bilmejekdiklerini öňe sürdüler. Resmiler we howpsuzlyk işgärleri protestçilere garşy jenaýat işlerini gozgamak haýbatlaryny hem tekrarlardylar.

“Adamlar durmagynda hiç hili peýdanyň ýokdugyny aýdyp, lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Marynyň häkimliginden we degişli polisiýa edaralaryndan bu barada maglumat almak başartmady.

Türkmen resmileri we mediasy Marydaky protest çäresi barada häzirlikçe maglumat bermeýärler.

Habarçymyz 13-nji awgustda ir sagat 06:00-da banklaryň öňünde eýýäm köp sanly polisiýa işgäriniň durandygyny we pullaryny nagtlaşdyrmak üçin gelen raýatlara gözegçilik edýändiklerini aýtdy. Ol bankomatlaryň öňündäki adamlaryň hem öňkülere garaňda azylandygyny sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, wakanyň ýüze çykan güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. TDH-nyň maglumatyna görä, onda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriň jemlerine hem-de ýurtda 'howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek' meselelerine garalypdyr.

Bu mejlisiň Marydaky protestler bilen bagly geçirilip-geçirimändigni, şeýle-de onda bu wakanyň maslahat edilip-edilmändigini anyklamak başartmady.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly uly nobatlar egsilmeýän mahaly, ýerli banklaryň käbiri şäher, käbiri etrap ýaşaýjylary üçin hyzmat edip başlady.

""Türkmenbaşy" we "Daýhan" banklarynyň bankomatlaryndan diňe etrap ýaşaýjylary peýdalanyp bilýärler. Anna gününden başlap "Senagat" bank şäher ýaşaýjylaryna hyzmat etmeli edildi. "Halk" banky hem şeýle etjek bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy awgustda gürrüň beripdi.

Beýleki bir habarçymyz bolsa, "Türkmenistan" bankynyň şahamçasynda ýerleşýän bankomatlarda diňe şäher ilatynyň, beýlekilerde etrap ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat beriljekdigini aýdypdy.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, bankomatlaryň öňündäki nobatlar we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada aç-açan çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: парковка в Москве на майских праздниках будет бесплатной


Спорт в России и мире
Москва

Депутат Московской областной Думы провела осмотр ФОКа в Волоколамске


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина заявила, что скучает по России, но пока не может приехать


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24





Путин в России и мире
Москва

Строители мостов и дорог удостоены государственных наград


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Минск не исключает попыток оппозиции оторвать часть территории Белоруссии в пользу НАТО




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Посмотрите на этих губастых. Катастрофа!»: Александр Розенбаум против пластики в угоду моде



Москва

Разыскиваемый наркодилер был задержан в Сочи из-за мертвого дельфина

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net