'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär
!['Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär](https://gdb.rferl.org/01FE1555-26A0-4CC7-80DD-731D1F5E7125_cx13_cy17_cw49_w800_h450.jpg)
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ölenleri jaýlanmak boýunça täze talaplary öňe sürýärler. COVID-19 alamatly keselden ölýänleriň birden köpelen wagtynda ilatdan merhumlary mazarlary göze ilmez ýaly jaýlanmagy talap edýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilatyna öýde galmak maslahat berilýär. COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklary näsaglardan doly, dermanlar, öýkeni emeli işletmek üçin enjamlar ýetmezçilik edýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň henizem ýokdugyny resmi taýdan aýdýarlar.