Gyrgyzystanyň morgy: Nobatlar, gözýaşlar we jynaza hyzmatlary
Gyrgyzystanda koronawirus we pnewmoniýa sebäpli ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň fonunda Bişkek morgunyň aşa köp adamdan dolýandygy baradaky habarlar sosial ulgamlarda ýygy-ýygydan peýda bolup başlady. Gazagystanda hem şuňa meňzeş ýagdaý gaýtalanýar: Bu ýerde žurnalistler ölen ýakynlarynyň jesetlerini almaga synanyşýan we birnäçe sagatlap binanyň daşynda garaşýan adamlaryň ullakan nobatyny wideo düşürdiler. "Nastoýaşeýe wremýanyň" habarçylary bütin gün diýen ýaly patologiki anatomiki býuronyň binasynyň golaýynda bolup, şu maglumaty taýýarladylar.