ÝB pandemiýanyň has çuňňur ykdysady urgusynyň bolmagyna garaşýar
Ýewropa Bileleşigi koronawirus pandemiýasynyň bileleşigiň ykdysadyýetine etjek täsirleriniň ozal pikir edilenden has zyýanly bolmagyna garaşýar.
Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji organynyň ykdysady çaklamalar barada 7-nji iýulda mälim eden täze maglumatlarynda 27 ýurtdan ybarat bileleşigiň ykdysady önümçiliginiň 2021-nji ýylda 5,8 göterim ýokarlanmazdan ozal, şu ýyl 8,3 göterim pese gaçjakdygyny aýtdy.
Iki aý mundan ozal ýaýradylan çaklamada, yklymyň köp bölegi koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin petiklenen mahaly, bileleşigiň jemi içerki önüminiň şu ýyl takmynan 7,5 göterim azalmagyna we 2021-nji ýylda 6 göterim ýokarlanmagyna garaşylýardy.
Ýewropa Bileleşiginiň Ykdysadyýet boýunça komissary Paolo Gentiloni Brýusselde täze çaklamalary hödürlände, bularyň wirusyň ikinji tolkunynyň bolmazlygy baradaky çaklama esaslanýandygyny duýdurdy.
Ýewrony walýuta hökmünde ulanýan Ýewropa Bileleşigine agza 19 ýurdy öz içine alýan ýewrozonanyň ykdysadyýeti 2021-nji ýylda 6,1 göterim ýokarlanmazdan öň, şu ýyl 8,7 göterim pese gaçar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýet boýunça ekspertleri aýdýarlar.