Tanymal rus žurnalistleri 'Terrorçylygy aklamakda' günäkärlenýän kärdeşine goldaw bildirýärler
![Tanymal rus žurnalistleri 'Terrorçylygy aklamakda' günäkärlenýän kärdeşine goldaw bildirýärler](https://gdb.rferl.org/c869e6ca-d773-43a5-8fd4-e41b18ed4b2a_w800_h450.jpg)
30-dan gowrak garaşsyz rus žurnalisti "terrorçylygy aklamak" aýyplamasy bilen ýedi ýyl azatlykdan mahrum ediljek bolýan Pskow şäherinden žurnalist Swetlana Prokofýewany goldaýar.
Olaryň bilelikdäki beýannamasy 4-nji iýulda "Holod" onlaýn journalynda ýerleşdirildi.
"Žurnalistlere öz wezipesini ýerine ýetirendigi üçin jeza bermek kabul ederliksiz" diýip, "The Bell" onlaýn neşiriniň baş redaktory Irina Malkowa ýazdy. "Olaryň ýanyna neşe taşlamak, ellerini döwmek ýa-da aýdan sözleri we pikirleri üçin türmä salmak kabul ederliksiz".
Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynda ştatdan daşary habarçy bolup işlän Prokofýewa, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Arhangelsk şäherinde Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ofislerinde bolan bomba partlamasy barada ýazan teswirleri bilen baglanyşykly aýyplama bildirildi. Ol partlamada ölen ýetginjek diýlip güman edilýän bombaçynyň, sosial mediada FSB-ni jenaýat işlerini galplaşdyrmakda aýyplaýan beýanatlary ýerleşdirendigini aýtdy.
Prokofýewa prezident Wladimir Putiniň döwründe syýasy aktiwligiň gaty çäklendirilendigini we munuň käbir adamlaryň umytsyzlygyna sebäp bolandygyny öňe sürdi. 3-nji iýulda bu işe seredýän prokurorlar žurnalisti alty ýyl azatlykdan mahrum etmegi suddan soradylar.